Geçen ýyl tanyşdyrylan «Aspark Owl» atly elektroulag satuwa çykaryldy. Bahasy 3,5 million dollar bolan ulag häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat ulagy hasaplanýar. Ýaponiýanyň «Aspark» kompaniýasynyň ilkinji modeli bolan ulag dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Bary-ýogy 50 sanysy öndüriljek ulagyň 4 sany hereketlendirijisi bar. Ulag sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 1,7 sekuntda ýetýär. Bu görkeziji «Tesla» kompaniýasy tarapyndan satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýän «Roadster» modelinde 1,9 sekunt bolar. Ýapon brendiniň täze ulagynyň kuwwaty 2012 at güýjüne barabar. Bir gezekki zarýady bilen 450 kilometr ýol geçýän ulagyň ýokary tizligi sagatda 400 kilometre barabar. «Aspark» kompaniýasy ulagyň batareýasynyň ýakynda has hem güýçlendiriljekdigini mälim etdi. Elektroulagyň gabarasy tutuşlygyna diýen ýaly plastika we beýleki materiallaryň goşulmagyndan öndürilen materialdan ýasalypdyr. Diňe ulagyň petiginde metal ulanylypdyr. Ulagyň beýikligi bolsa, bary-ýogy 99 santimetre deň. Italiýada öndüriljek ulag her müşderiniň islegine görä üýtgediler. Ilkinji ulagyň kime satylandygy mälim edilmedi.
Annanazar MÄMIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.