Daniýanyň meteorologiýa institutynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2020-nji ýyl taryhy ähmiýete eýedir. Institut 1874-nji ýyldan bäri tutuş ýylyň dowamynda bir gezek hem ýylylygyň noldan aşak düşmändigini hasaba aldy. Bu ýurtda howa ýagdaýynyň derejesiniň ölçegleri 1874-nji ýylda başlandygyny bellenilýär. Barlag geçirijiler 2019-2020-nji ýyllaryň gyşynyň hem 1874-nji ýyldan bäri iň maýly bolandygyny belleýärler.
Soňky wagtlar howa ýagdaýynyň üýtgemeginiň Skandinawiýa ýurtlarynda barha artýandygy tassyklanýar. Demirgazyk sebitiň ýurtlary yzygiderli täze temperatura rekordlaryny yglan edýärler. Ondan öň goňşy Şwesiýa 2020-nji ýylda ýurtda ortaça temperaturanyň soňky 160 ýylda has ýokary bolandygyny mälim etdi.