Güýz pasly oba hojalykçylar üçin iň jogapkärli aladaly döwür hasaplanýar. Kärendeçi daýhanlaryň päk zähmetiniň netijesinde ýetişen ak altyny ýygnamak bilen bir hatarda geljek ýylyň bol galla hasylynyň kemala gelmegi üçin güýzlük bugdaý öz wagtynda geçmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler kabinetiniň mejlisinde 2-nji sentýabrda güýzlük bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna ak pata berdi. Daşoguz welaýatynyň galla kärendeçileri şu gün güýzlik bugdaý ekişine girişdiler. Welaýat häkimliginde il sylagly ýaşulularyň, welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleriniň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň, tejribeli kärendeçileriň gatnaşmagynda maslahat geçirilip, onda öňde duran güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy barada aýratyn nygtalyp geçildi. Soňra dabara gatnaşyjylar welaýatymyzyň Şabat etrabynyň Bossan daýhan birleşigine geldiler we ekiş üçin taýýarlanan ýerde il sylagly ýaşulularymyzyň bismillasy bilen güýzlik bugdaý ekişine badalga berildi. Toý lybasyna bürenen dabaranyň geçýän ýerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezýän köp öwüşginli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Dürli kysymly tehnikalaryň, tirkegleriň, oba hojalyk gurallarynyň, tohumlaryň, dökünleriň we himiki serişdeleriň, oba hojalyk önümleriniň, gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň, milli şaý seplerimiziň we beýleki sergileri dabara gatnaşyjylar uly buýsanç bilen synladylar. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym sazly çykyşlaryna folklor toparynyň sahna oýunlaryna uly orun berildi. Olar özleriniň aýdym-sazly çykyşlarydyr joşgunly tanslary bilen ýurdumyzyň rysgal bereketini, bedew batly ösüşlerini, daýhanlaryň päk zähmetini, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işlerini wasp etdiler. Dabarada il sylagly ýaşulularyň, tejribeli halypa kärendeçileriň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda kärendeçilere işlemekligi, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, şonuň netijesinde her ýyly guşgursak ak bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilýändigi, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berýändigini belläp geçdiler.

Şu ýyl welaýatymyzda 145 müň gektar ýere ekiş geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ekiş geçirilmegi göz önünde tutulan ýerler çuň sürüm geçirilip, endigan tekizlenip suw tutulyp, ekiş geçirmäge birkemsiz taýýarlandy. Ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar, olaryň tirkeg gurallary abatlanyp möwsüme doly taýýar edildi. Ähli işleriň bellenen möhletde alnyp barylmagy ekişi wagtynda geçirmäge şert döredýär. Işlemäge, bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Tohumuňyz müňläbersin edermen gallaçy kärendeçiler!

Çynar Berdikulyýewa, TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni