Fransiýanyň “Lion” topary hüjümçisi Mussa Dembeleni “Atletiko Madrid” klubuna 1,5 ýyllyk kärendesine ugratdy. Madridliler 24 ýaşyndaky fransiýaly hüjümçini 1,5 ýyldan soň 33,5+5 million ýewro berip ymykly transfer edip biler. 2018-nji ýylyň awgustynda “Liona” transfer bolan Dembele 76 oýunda 32 gol geçirdi.

Esasy ýyldyzyny ispan toparyna ugradan “Lion” dessine onuň öwezini doldy. Fransuz kluby “Lester Sitiniň” alžirli hüjümçisi Islan Slimanini tölegsiz öz düzümine goşdy. 32 ýaşly hüjümçi “Lion” bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Slimani geçen möwsümi “Monakoda” kärendesine oýnapdy. Ol “Monakoda” 18 oýunda 9 gol geçirip, 8 asist etdi.