14-nji ýanwarda Kerki – Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy hem geçirildi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäräniň barşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy we Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri çykyş etdiler. Olar dabara gatnaşyjylara bu ulgamyň aýratynlyklary we işe goýberilmäge taýýardygy barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe goýberilmegine ak pata berdiler. Soňra bolsa dabara gatnaşyjylar ýörite enjamlar arkaly ekranlarda halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlaryň işe goýberilişiniň wideo-prezentasiýasyna syn etdiler.