Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ösüşleriň täze üstünlikler bilen sazlaşýan döwründe türkmen halkynyň durmuşynda uly orun eýeleýän goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem uly ähmiýet berilýär. «Goňşy haky – Taňry haky», «Ýer alma, goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan» – ýaly nakyllary döreden türkmen halkynyň däp-dessurlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem mynasyp orun alýar. Goňşularyň bilen gowy aragatnaşyk saklamak, begenjine begenip, gynanjyny deň paýlaşmak ynsanperwerlikden nyşan.

Ýa­kyn goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy şol ýurt­la­ryň bi­ridir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ow­gan hal­ky bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­lar iş­jeň ös­dü­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek hem-de dur­muş ul­ga­my­ny di­kelt­mek üçin giň möç­ber­li tas­la­ma­lar ama­la aşyr­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni we Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik we op­ti­ki-sü­ýüm­li ge­çi­ri­ji­le­ri­ni gur­mak, Ow­ga­nys­ta­na ýe­ňil­lik­li şert­ler­de elekt­rik to­gu­ny iber­mek, döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ow­gan ta­ra­py­na de­mir ýol gur­mak, bu goň­şy döw­le­te yzy­gi­der­li esas­da yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ber­mek, goň­şy ýur­duň ýaş­la­ry­na bi­lim al­ma­gy ba­bat­da müm­kin­çi­lik­ler dö­ret­mek ýa­ly iri tas­la­ma­lar hem-de yn­san­per­wer iş­ler bar.
Hu­su­san-da, soň­ky ýyl­la­rda hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da Ow­ga­nys­ta­nyň gat­naş­ma­gyn­da ener­ge­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ow­ga­nys­ta­nyň çäk­le­rin­de Aki­na – And­hoý de­mir ýo­lu­ny hem-de Ymam­na­zar – Aki­na we Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy hal­ka­ra op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my guru­ldy. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da Aki­na-And­hoý be­ket­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýol şa­ha­sy ow­gan hal­ky­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne go­şant go­şar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ow­ga­nys­tan Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýe­ne-de Azer­baý­jan, Gru­zi­ýa we Tür­ki­ýe ýa­ly döw­let­ler bi­len bi­le­lik­de «La­pis-La­zu­li» hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da­ky iş­le­re iş­jeň gat­naş­ýar. Ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan goň­şy ýurt­da gu­rul­ýan de­mir­ ýol şa­ha­la­ry Ow­ga­nys­ta­nyň dür­li de­re­je­dä­ki eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ry­ny dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu hem öz ge­ze­gin­de ow­gan hal­ky­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş dü­zü­mi­niň go­wu­lan­ma­gy­na ge­ti­rer.
Mun­dan baş­ga-da, Ow­ga­nys­ta­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler hem ow­gan hal­ky­nyň öý-oja­gy­ny ýag­ty­lan­dy­ryp, ýy­lat­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, bu ýur­duň en­çe­me önüm­çi­lik­le­ri­ne ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni dö­re­der. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz Ow­ga­nys­ta­na ibe­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ow­gan ta­ra­py­na Ser­he­ta­bat-Hy­rat-Tur­gun­dy hem-de Ra­bat­ka­şaň-Ka­laý­nau ugur­la­ry bo­ýun­ça ibe­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Ýe­ne-de kuw­wa­ty 500 kW, uzyn­ly­gy 153 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Ker­ki (Türk­me­nis­tan) – And­hoý (Ow­ga­nys­tan) elekt­rik ul­ga­my­nyň hem çe­kil­me­gi türk­men-ow­gan gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lar.
Biz gel­jek­de-de goň­şy do­gan­lyk Ow­ga­nys­ta­na hem­me­ta­rap­la­ýyn kö­mek we gol­daw be­re­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Ow­ga­nys­ta­nyň ösü­şi­ne go­şant goş­jak iri tas­la­ma­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi türk­men-ow­gan dost­lu­gy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rü­ler.
Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ow­ga­nys­ta­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän türk­men-ow­gan sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­ri we dür­li de­re­je­de ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar mu­ňa ýar­dam et­di. Go­laý­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Ka­bul­da şeý­le ge­ňeş­me­le­riň no­bat­da­ky tap­gy­ry ge­çi­ril­di.
Türk­men-ow­gan gat­na­şyk­la­ryn­da yn­san­per­wer­lik ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şol gat­na­şyk­lar ýyl­sa­ýyn tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Iki goň­şy hal­kyň gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Hut şo­ňa gö­rä-de, me­de­ni we ylym-bi­lim gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li gi­ňelt­mek, sun­gat us­sat­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­ni alyş­mak, türk­men hem-de ow­gan halk­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek üçin yzygiderli işler geçirilýär.
Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan goň­şy ýur­da yn­san­per­wer kö­me­gi yzy­gi­der­li be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik we dö­re­di­ji­lik sy­ýa­sa­ty­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Muzd­suz kö­mek hök­mün­de do­gan­lyk ow­gan hal­ky­na ibe­ril­ýän kö­mek­ler goň­şy ýurt­da çuň­ňur ho­şal­lyk bi­len ka­bul edil­ýär. Olar mu­nuň üçin hor­mat­ly Prezidentimi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýär­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyny ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ry­myz bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy giň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­ýar.

Gur­ban­my­rat GUL­MY­RA­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.