Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyza uly ynam bildirilip, döwrebap ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin-de okamak, işlemek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýän ýurduň ýaşlary berilýän goldaw-kömeklere jogap hökmünde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmek üçin giň tagalla edýärler.
Ministrler Kabinetiniňn şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy Berkarar döwletimizde ýaşlar baradaky aladanyň belent derejede tutulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi babatda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Diýarymyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly üns berilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýesine hem uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalary altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglamak, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy hakyny gowşurmak, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy ugrunda edilýän bimöçber aladanyň netijesidir.
Häzirki wagtda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, üstünlikli okamaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Talyp ýaşlar hakynda şeýle giň gerimli işleriň ýaýbaňlanýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank edaralary tarapyndan hem degişli meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň esasynda bolsa döwletiň ýaş raýatlary, ýaş maşgalalardyr bagtyýar talyplary üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary işlenip düzülip, olar hem ýaşlarymyzyň durmuşdaky ýardamçysy bolup durýar.
Milli Liderimiz ýaşlarymyzyň sagdyn hem-de berk bedenli bolmagy ugrunda hem uly tagallalar edýär. Şonuň netijesinde, ýaş nesillerimiziň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri hem-de olaryň yzygiderli kämilleşmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri üçin döredilen mümkinçilikler muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde halkara ülňülerine laýyk gelýän dürli sport desgalary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, ýaşlar bu desgalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň bilim almagy, medeni durmuşa gatnaşmagy, çeper, ylym we tehniki döredijilik bilen erkin meşgullanmagy, dynç almagy, telekeçilik we ykdysady işiň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy, hünär we kär saýlamagy, önümçilikde hünäri boýunça zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir. Bu babatda hem ýaşlar häzirki wagtda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim alyp, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Munuň netijesinde, ýurdumyzda häzirki wagtda köp sanly ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak maksady bilen telekeçilik işi bilen hem meşgullanýarlar.
Kabul edilen maksatnama laýyklykda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda bellenilen maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak ýaşlaryň syýasy, ykdysady hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, bu ugurda ýaş maşgalalary, ýaş alymlary, kiçi hem-de orta telekeçilik işini alyp barýan ýaşlary goldamak arkaly olara döwrebap ösen sanly ulgam esasynda maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan giň-gerimli mümkinçilikleri döretmeklige gönükdirilýändir.
Bu resminama ýaşlaryň döwletiň ykdysadyýetiniň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyna ýardam berer.
Häzirki wagtda ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýän döwründe ýaşlar tarapyndan hem düýpli, ylmy-amaly barlaglar amala aşyrylýar, täze innowasion tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi ugrunda binýatlyk işler alnyp barylýar. Bu hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň hyzmatlaryny ornaşdyrmak babatdaky işlere ýaşlarymyzyň önjeýli goşandy bolar.
Ýaşlaryň ähli ugurda hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsa, il-ýurt, döwlet ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Agajan ÝAZGYLYJOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.