Gün­de­lik dur­mu­şyň bir­sy­dyr­gyn­ly­gynyň için­de köp ha­lat­da fi­zi­ki he­re­ke­ti göz­den syp­dyr­ýa­rys. Sag­dyn ýa­şa­ýyş üçin äh­mi­ýet­li bo­lan yzy­gi­der­li fi­zi­ki he­re­ket et­mez­li­gi­mi­ze ba­ha­na hök­mün­de bol­sa wag­ty­my­zyň ýok­du­gy­ny öňe sür­ýä­ris. Fi­zi­ki he­re­ket, esa­san, ýet­gin­jek ýaş­lar­da, ýag­ny be­de­niň kä­mil­leş­ýän döw­rün­de wa­jyp­dyr. Şol se­bäp­den hem aý­ra­tyn wagt sarp et­mez­den nä­hi­li sag­dyn bo­lup bi­le­ris? Şu aşak­da­ky­la­ry gün­de­lik en­dik­le­ri­ňi­ze go­şup bi­ler­si­ňiz:

Is­len­dik bi­na gi­re­ni­ňiz­de ýa-da çy­ka­ny­ňyz­da lift­le­riň ýe­ri­ne bas­gan­çak­la­ry ula­nyň!
Köp­räk py­ýa­da ge­ziň, ki­tap­ha­na ýa-da dost­la­ry­ňyz bi­len du­şuş­ma­ga gi­de­ňiz­de ti­gir­çek­de we we­lo­si­ped­de gi­diň!
Ba­şar­dy­gy­ňyz­dan aras­sa ho­wa­da köp­räk wagt ge­çir­jek bo­luň; gyş pa­sy­ly­nyň ho­wa­sy­ny hem göz öňün­de tu­tup, ýy­ly ge­ýin­me­gi ýat­dan çy­kar­maň!
Öý­de köp­räk fi­zi­ki iş bi­len meş­gul­lan­jak bo­luň, esa­sa­n, aras­sa­çy­lyk we aş­ha­na iş­le­ri ýa­ly ho­ja­lyk iş­le­ri­ne kö­mek ediň!
Si­zi şat­lan­dyr­ýan saz­dyr aý­dym­la­ry diň­läp, tans edip bi­ler­si­ňiz!
Si­ze di­ňe bir fi­zi­ki ta­rap­dan däl, eý­sem ru­hy ta­rap­dan hem ýa­ra­ýan sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin özü­ňe la­ýyk sport ug­ru­ny saý­laň!
Fi­zi­ki iş­ler­de yzy­gi­der­li­lik we kem-kem­den kö­pelt­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne üns be­riň!
Eger wag­ty­ňy­zyň köp bö­le­gi­ni te­le­wi­zo­ryň we komp­ýu­te­riň ek­ra­ny­nyň öňün­de ge­çir­ýän bol­sa­ňyz şu­la­ry göz öňün­de tu­tup bi­ler­si­ňiz:
– Otur­gy­jyň de­re­gi­ne ýö­ri­te maşk üçin ni­ýet­le­nen to­py ula­nyň; bu top­da otu­ra­ny­ňyz­da ýa­gyr­nyň we gar­nyň myş­sa­la­ry ber­ke­ýär, göw­rä­niň dog­ry tu­tu­ly­şy üp­jün ed­ilýär.
– Haý­sy hem bol­sa bir he­re­ket­li ara­kes­me­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir, is­len­dik ada­myň sag­ly­gy üçin ek­ra­nyň öňün­de 30 mi­nut­dan köp ara­kes­me­siz otur­mak peý­da­ly däl­dir.
– Siz her ýa­rym sa­gat­dan bir­nä­çe mi­nu­dyň do­wa­myn­da is­len­dik he­re­keti ýerine ýetirip bi­ler­si­ňiz – ýe­riň­den tur­mak, ge­rin­mek, bök­mek, du­ran ýe­riň­de yl­ga­mak, öýüň için­de ýö­re­mek.
Abadan Reýsowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.