Dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň biri bolan Dakar Rallisi 12-nji tapgyrdan soň tamamlandy. Saud Arabystanyda geçirilen 43-nji Dakar Rallisinde ýeňil awtoulaglar görnüşinde 12-nji tapgyrda Karlos Saýns ýeňiş gazandy. Umumy sanawyň lideri, “X-Raid Mini” toparynyň fransiýaly sürüjisi Stefan Peterhansel 44 sagat 28 minut 11 sekuntlyk görkeziji bilen ýeňil awtoulag ugry boýunça 8-nji gezek Dakar Rallisinde çempion boldy. Onuň motosikl görnüşinde 6 çempionlygy bar. Peterhanselden 14,51 minut yza galan katarly Nasser Al-Attiýa (“Toyota Gazoo”) 2-nji, soňky çempion Karlos Saýns 3-nji ýeri eýeledi.
Motosiklçileriň arasynda argentinaly Kewin Benawides (“Monster Energy Honda”) münberiň çür depesine çykdy. Onuň görkezen netijesi 47 sagat 18 minut 14 sekunda deň boldy. Benawidesiň amerikaly topardaşy Riki Brabes 4 minut 56 sekunt az netije bilen 2-nji ýeri eýeledi. “Red Bull KTM” toparynyň britan sürüjisi Sem Sanderland 3-nji orna mynasyp boldy.
Şeýle-de ýük ulaglarynyň arasynda başdan-aýak öňe saýlanan “Kamaz” toparynyň Dmitriý Sotnikow ýaryşy çempionlyk bilen tamamlady (48 sagat 23 minut 21 sekunt).
Kwadrasiklçileriň bäsleşiginde-de çilili Manuel Anduhar (“Yamaha”) ýeňşini baýram etdi. Ol 60 sagat 28 minut 28 sekuntda pellehana geldi.