11-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabiniň Saadiýat adasynda ýerleşýän “Guggenheim Abu Dhabi” muzeýi açylar. Bu taslama şäheriň halkara sungat dünýäsindäki ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm medeni başlangyçlaryň biridir.
Dünýä belli “Guggenheim” muzeýler zynjyrynyň täze şahamçasy boljak bu medeni merkez meşhur binagär Frank Gehri tarapyndan taslanyp düzüldi. Binanyň özboluşly binagärlik keşbi dürli ölçegdäki konus şekilli on sany gurluşy bilen tapawutlanýar. Olaryň dokuzysy poslamaýan polatdan taýýarlanan tor bilen örtülen bolsa, biri oniks we aýna bilen bezelen. Binanyň iň beýik böleginiň 88 metre ýetmegi hem onuň aýratyn täsir galdyryjy binagärlik çözgütleriniň biridir. Bu gurluşlar diňe bir daşky gözelligi bilen däl, eýsem tebigy howa aýlanyşyny üpjün etmäge we kölegeli giňişlikleri döretmäge ýardam berýän aýratynlyklary bilen hem ähmiýetlidir.
Muzeýde jemi 28 sergi galereýasy ýerleşer. Olaryň umumy içerki meýdany 11,600 inedördül metre deňdir. Mundan başga-da, açyk meýdanda sergileri geçirmek üçin 23 müň inedördül metr giňişlik göz öňünde tutulýar. Bu ýerde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, fotosurat, wideo eserleri we täze media ugurlaryna degişli dürli eserler görkeziler. Şeýle giňişlik sungatyň dürli görnüşlerini bir ýerde jemläp, myhmanlara döredijiligiň dürli ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
“Guggenheim Abu Dabi”-niň aýratynlygy diňe bir binasynyň binagärlik çözgütlerinde däl, eýsem onuň sungata bolan giň garaýşynda hem ýüze çykýar. Muzeýde diňe Günbatar sungatyna degişli däl, Günbatar Aziýanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Günorta Aziýanyň sungatyna hem aýratyn orun bermegi maksat edinýär. Onuň sungat ýygyndysy 2009-njy ýyldan bäri kemala getirilýär. Esasy üns 1960-njy ýyllardan häzirki güne çenli döredilen eserleri görkezmäge gönükdirilendir. Şeýle çemeleşme dürli halklaryň medeni tejribesini we döredijilik garaýyşlaryny halkara derejesinde tanyşdyrmaga şert döreder.
Täze muzeý medeni desgalaryň ýerleşýän Saadiýat etrabynda, dünýä belli “Luwr Abu-Dabi” muzeýiniň golaýynda gurlupdyr. Şol sebäpli “Guggenheim Abu Dabi”-niň açylmagy sebitiň medeni durmuşynyň has-da baýlaşmagy hökmünde hem ähmiýetlidir.

Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.