Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda köp ekilýän däneli ekinleriň biri dary hasaplanýar. Ol däneliler maşgalasyna degişli bolup, boýy 30-50 sm bolan bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Dary guş iými bolmak bilen bir hatarda adamlar üçin hem ýokumly iýmit hasaplanýar. Darynyň dänesiniň düzüminde 81% krahmal, 12% belok, 3,5% ýag, 0,5% şeker şonuň ýaly hem kaliý duzy, natriý, kalsiý, magniý ýaly maddalaryň köp görnüşi bar. Darydan witaminlere baý dürli iýmit taýýarlanýar. Darydan iň köp taýýarlanýan, halkymyzyň uly isleg bildirýän iýmitiniň biri hem sök. Arassa daryny suwda mazaly gaýnatmaly. Gaýnagy ýeten dary taýýar bolanda däneleri çalaja ýarylýar. Şondan soňra suwdan çykaryň ýaýradyp goýmaly. Soňra  daryny gury gazana salyp pes otda gowurmaly. Dary ýanmaz ýaly agaçdan ýasalan kepgir bilen tä gowrulyp bolýança elmydama bulap durmaly. Mazaly gowrulan darynyň reňki doýgun gyzyl reňkli bolýar. Ondan soň sokuda döwmeli. Bir gezek sokuda döwenden soň eläp, ýene bir gezek sokuda daşy aýrylýança döwmeli. Soňra ýene-de eläp, biraz pesräkden sowurmaly. Şondan soň sökümiz taýýar bolýar. Sök süýtli gara caý bilen içilýän iň gowy iýmit bolup durýar. Esasan, bu önüme halkymyz gyş aýlarynda köp isleg bildirýär. Sebäbi sök gyş aýlarynda uzak wagtlap dok saklaýar. Şeýle hem taýýar söki degirmende üwäp, şeker goşup talhan hem taýýarlanýar. Darydan taýýarlanýan ýene bir tagama bolsa ýagly sök diýilýar. Bu tagamy taýýarlamak üçin söki gaýnan suwa salyp biraz ezip goýmaly. Soňra suwy sowamanka, suwdan alynýar we oňa sary ýag we biräz şeker goşulup garylýar. Bu tagam esasan, gelin toýda myhmanlara hödür edilýär.

 

Gülhumar HOJAHMETOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.