20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ne ge­len­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we ýaş­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ul­ga­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry gar­şy­la­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz­bo­luş­ly sport top­lu­my bo­lan, di­ňe Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de däl-de, eý­sem, onuň çäk­le­rin­den alys­lar­da hem de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ryn­da­ky ýag­daý­lar bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­dä­ki iň iri des­ga Olim­pi­ýa sta­dio­ny bo­lup, onuň mün­be­ri­ni be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň çe­per keş­bi atyň dün­ýä­de iň uly ny­şa­ny hök­mün­de des­si­ne ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu aja­ýyp sta­dio­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şu ýyl ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk be­ýik baý­ram­çy­ly­gy­nyň da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek­de-de örän ulu­dy­gy­na ün­si çek­di. Iň naý­ba­şy baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ge­çen şöh­rat­ly ýol­la­ry­ny aý­dyň we giň­den be­ýan et­mek­de sta­di­on­da dö­re­di­len şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler­den oý­la­ny­şyk­ly peý­da­la­nyl­ma­ly­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi­ne hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri­ne bir­nä­çe de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bu baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry türk­men ru­hu­na la­ýyk gel­me­li­dir. Şol bir­ wag­tyň özün­de ola­rda hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da giň­den ös­dü­ril­ýän sport we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň, sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ne­neň­si ýaý­baň­lan­dy­ry­ly­şy öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr.
2017-nji ýyl­da Olim­pi­ýa şä­­her­­çe­­si­nde Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň, 2018-nji ýyl­da bol­sa agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Dün­ýä­niň iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bu ýa­ryş­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li bel­le­di­ler. Döwlet Baştutanymyz iri sport çä­re­le­ri­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ni hut özi göz­den ge­çir­ýär, bu bol­sa ola­ryň uly üs­tün­li­ge bes­len­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz ýaş­la­ryň äh­li­ta­rap­la­ýyn ösen, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, so­wat­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri bi­len bir ha­tar­da, ola­ryň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­gyň mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Döwlet Baştutanymyzyň nyg­taý­şy ýa­ly, şun­da hal­ka­ra de­re­je­le­rin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp, Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl tu­gu­nyň be­len­de gal­dy­ryl­ma­gy ar­ka­ly Döw­let se­na­my­zyň ýaň­lan­dy­ryl­ma­gy ýaş­lar­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­nyň ter­bi­ýe­len­me­gin­de örän äh­mi­ýet­li­dir.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men tür­gen­le­ri­niň be­ýik ýe­ňiş­le­ri ga­za­nyp, uly üs­tün­li­giň hor­ma­ty­na mil­li tu­gu­my­zy be­lent­de par­lat­mak ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ry et­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­kyn­da türk­men spor­tu­nyň be­ýik sep­git­le­ri eýe­le­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýan hoş ha­ba­ryň ge­lip gow­şan­dy­gy­ny, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­nyň dün­ýä ýyl­dy­zy bo­lup do­gan­dy­gy­ny, şeý­le­lik­de türk­men ýyl­dy­zy­nyň dün­ýä şug­la sa­çyp, mil­li spor­tu­my­zyň ösü­şiň has-da be­lent de­re­je­si­ne çyk­ýan­dy­gy­ny su­but eden­di­gi­ni bel­le­di. Döwlet Baştutanymyzyň aý­dy­şy ýa­ly, şu­nuň ýa­ly üs­tün­lik­le­riň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy ug­run­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­me­li­dir.
2021-nji ýyl­da hem ýur­du­myz­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň hem-de De­wi­siň Ku­bo­gy­ny al­mak bo­ýun­ça ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Hormatly Prezidentimiz bu ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­lü­şi bi­len gy­zyk­la­nyp, sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri G.Aga­my­ra­do­wyň ha­sa­ba­ty­ny diň­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­le­riň ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ran­mak­la­ry üçin ola­ra san­jym ge­çi­ril­jek­di­gi, mu­nuň üçin hem­me ze­rur şert­le­riň bar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­z hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de köp ýurt­la­ryň pan­de­mi­ýa bi­len bag­ly san­jym­la­ry ön­dü­rip baş­lan­dy­gy­na ün­si çek­di. Aý­da­ly, «Sput­nik V» san­jy­my­ny ulan­ma­ga do­ly hak­ly­dy­rys. Se­bä­bi biz bu san­jy­my bel­li­ge al­dyk.
Gel­jek­de bu ugur­da­ky iş­le­ri do­wam et­me­giň hem-de beý­le­ki ýurt­la­ryň ön­dür­ýän san­jym­la­ry­ny bel­li­ge al­mak bi­len bag­ly gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Çün­ki ýa­ry­şa gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den tür­gen­ler paý­tag­ty­my­za ge­ler.
Biz­de bel­li­ge al­nan san­jy­myň bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­le­riň beý­le­ki öňü­ni alyş san­jym­la­ry­na ýa-da beý­le­ki se­riş­de­le­re is­le­gi­niň bol­ma­gy müm­kin. Şo­ňa gö­rä-de, da­şa­ry ýurt­dan gel­jek tür­gen­le­riň saý­la­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bol­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Biz bu san­jym­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­ni mugt üp­jün et­me­li­di­ris. Mu­nuň üçin bi­ziň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­miz bar. Şu­nuň bilen bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň üs­ti ýa­pyk we­lo­trek top­lu­my­na gel­di.
Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­nde aja­ýyp we­lot­re­giň gu­rul­ma­gy Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek­de mö­hüm wa­ka hem-de ösü­şiň no­bat­da­ky tap­gy­ry bol­dy. Da­şa­ry ýurt­ly bi­ler­men­le­riň hem-de Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri­niň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, bu ýer­de de­giş­li ta­lap­la­ryň hem­me­si ber­jaý edi­lip, ze­rur mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýat dö­re­dil­di. Bu bol­sa has ýo­ka­ry de­re­je­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin şert­ler dö­red­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 6 müň orun­lyk üs­ti ýa­pyk we­lot­rek top­lu­myn­da to­ma­şa­çy­lar üçin ni­ýet­le­nen mün­ber­le­ri, we­lot­rek meý­dan­ça­sy­ny göz­den ge­çi­rip, tür­gen­ler, emin­ler we jan­kö­ýer­ler üçin dö­re­di­len şert­le­re ba­ha ber­di.
Şu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri­niň we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çe­mpio­na­ty­na de­giş­li ha­sa­ba­ty­ny diň­le­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çe­mio­na­ty­na da­şa­ry döw­let­le­riň 40-a go­la­ýyn­dan tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. We­lot­rek spor­tu­nyň ýa­ryş­la­ry 10 gör­nüş bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Şun­da ola­ryň er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň her­si­niň ara­syn­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da je­mi 20 ýa­ryş gu­ra­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýa­ryş­la­ryň dün­ýä ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iň ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­niň de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ne ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hu­su­san-da, türk­men tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da­ky ýa­ryş­lar­da ula­nyl­jak we­lo­si­ped­ler­de mil­li öwüş­gin­le­ri­mi­ziň aý­ra­tyn ýü­ze çyk­ma­ly­dy­gy­ny, esa­san-da, tür­gen­le­ri­mi­ziň türk­men tu­gu­ny par­lat­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ge­çi­ril­jek dün­ýä ýa­ryş­la­ryn­da tür­gen­le­riň sag­dyn­ly­gy­na we do­pin­ge de­giş­li me­se­le­ler­de iş­le­riň bil­di­ril­ýän hal­ka­ra ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Bu ýer­de Do­ping gö­zeg­çi­li­gi mer­ke­zi gu­rul­dy, onuň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li we do­ly peý­da­lan­mak ge­rek di­ýip, döwlet Baştutanymyz aýt­dy hem-de de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam edip, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ry­nyň bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Sport des­ga­la­ry­nyň her bi­ri ni­ýet­le­nen mak­sa­dy­na gö­rä ula­nyl­ma­ly­dyr, olar­da ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na has giň­den çe­kil­me­gi üçin äh­li çä­re­ler gö­rül­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi­ne kä­bir tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­ryş­la­ry dün­ýä ýaý­mak mak­sa­dy bi­len, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ndäki Hal­ka­ra gö­ni ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zi­niň işi­niň ýo­ka­ry hal­ka­ra ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni tab­şyr­dy. Bu mer­kez­de iş­le­jek hü­när­men­le­ri­miz bu ýer­dä­ki teh­ni­ka­lar­dan peý­da­lan­mak bi­len, iş­le­ri­ne us­sat­lar­ça erk edip, ýa­ryş­la­ryň al­nyp gör­ke­zi­li­şi­ni ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de üp­jün et­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­na bir­nä­çe de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, oňa dün­ýä­de hö­we­sek­le­riň az däl­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ge­çi­ril­jek bu ýa­ry­şyň hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­na hem şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýyl ge­çi­ril­me­gi bel­le­nen dün­ýä de­re­je­li ab­raý­ly ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li iş­le­ri gö­zeg­çi­lik­de sak­la­maly­dy­gy­ny, bu ug­ra de­giş­li äh­li me­se­le­le­riň öz wag­tyn­da we mak­sa­da­la­ýyk çö­zül­me­li­di­gi­ni aýt­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň üs­ti ýa­pyk Ten­nis top­lu­my­na ta­rap ug­rap, Aş­ga­bat­da De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­dä­ki bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän ab­ra­ýy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny hem-de Di­ýa­ry­myz­da spor­ty, şol san­da ten­nis oý­nu­ny mun­dan beý­läk-de giň­den wa­gyz et­mek üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik­di­gi­ni bel­le­di.
Bu ýa­ryş­la­ra de­giş­li ins­ti­tu­tyň ta­lyp­la­ry­nyň we ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň taý­ýar­lyk de­re­je­si­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport ul­ga­myn­da­ky hä­zir­ki za­man dün­ýä me­ýil­le­ri­ni we Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­jek iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, oňa hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak esa­syn­da bu iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Top­lu­myň ten­nis za­ly hä­zir­ki za­ma­nyň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­dy. Döwlet Baştutanymyz bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp, bu ugur­da äh­li gör­ke­zi­ji­le­riň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.
Paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­nde ten­nis za­ly­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne do­ly ky­bap gel­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Beý­le­ki sport des­ga­lar­ynda bol­şy ýa­ly, onuň tas­la­ma­sy dü­zü­len­de we gur­lan­da Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň äh­li teh­ni­ki ka­da­la­ry do­ly göz öňün­de tu­tul­dy we ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Hä­zir se­bit­de iň iri bu sport şä­her­çe­si­ uly ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak, tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak we sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän­ler üçin tür­gen­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar. Bu ýer­de To­kio­da ge­çi­ril­jek To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­şik geç­ýän­di­gi­ni, şeý­le hem 2021-nji ýyl­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le­lik­de, bu ýa­ryş­la­ry ge­çir­me­giň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin hem­me çä­re­ler gö­rül­me­li­dir. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gyn­da äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rü­ler di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men ten­nis­çi­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri­niň has-da ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­di­rip, döwlet Baştutanymyz türk­men hal­ky­nyň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä we spor­ta bo­lan hö­we­si­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny bel­le­di we tür­gen­le­ri­mi­ziň ga­zan­jak üs­tün­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Tu­gu­ny be­lent­de pa­syr­dat­ja­gy­na ynam bil­dir­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň bi­na­la­ryn­da hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ry gu­ra­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň üp­jün edil­ýän­di­gi­ni, bu ýer­de tür­gen­ler we jan­kö­ýer­ler üçin hem­me şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni, bu me­se­le­le­re örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Hormatly Prezidentimiz taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­mek ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Wi­se-prem­ýer M.Gel­di­ny­ýa­zow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li göz öňün­de tu­tul­ýan be­den­ter­bi­ýe we sport, köp­çü­lik­le­ýin sa­gal­dyş çä­re­le­ri hem-de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­lyk gör­mek ug­run­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­nde bol­ma­gy­nyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, şu ýyl ge­çi­ril­me­gi bel­le­nen iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer M.Gel­di­ny­ýa­zo­wa bu çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Şol ýa­ryş­la­ryň ne­ti­je­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň sport ul­ga­myn­da ýe­ten be­lent de­re­je­si­ni, hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­ni, baý mi­ra­sy­ny, myh­man­sö­ýer­li­gi­ni, mä­hir­li­li­gi­ni we açyk­ly­gy­ny örän aý­dyň gör­kez­me­li­dir. Ýur­du­my­za ge­len myh­man­lar şu aý­ra­tyn­lyk­lar­dan öz­le­rin­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ma­ly­dyr di­ýip, döwlet Baştutanymyz aýt­dy we bu ugur­da kä­bir gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, biz bu ul­ga­ma uly möç­ber­ler­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­ýä­ris di­ýip bel­le­di hem-de bu iş­le­riň anyk ne­ti­je ber­me­gi ug­run­da mun­dan beý­läk-de äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra dün­ýä stan­dart­la­ry­nyň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýän sport üp­jün­çi­lik ul­ga­my­na eýe bo­lan, Türk­me­nis­ta­nyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek­de top­lan tej­ri­be­si­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny tab­şyr­dy we öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.