Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça düýpli ösüşler gazanylýar, mähriban Watanymyz uly rowaçlyklara beslenýär. Bedew bady bilen öňe barýan döwletli Diýarymyzda durmuşa geçirilýän belent maksatnamalar Türkmenistan döwletimizi rowaçlygyň gülleýän ýurduna öwürdi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen buýsançly şygar bedew batly ösüşlerimizi täze-täze belentliklere, sepgitlere ýetirmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bütin dünýäde bagtyýarlygyň mekany hökmünde giňden tanatmaga çagyrýan ruhubelentlik şygarydyr.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebi 1941-nji ýyldan bäri söwda, iýmit we hyzmat ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlap gelýär. 80 ýyldan bäri bu mekdepde hünär alan ildeşlerimiz halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, mähriban Watanymyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşup gelýärler. Hyzmat we söwda ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda biziň hünär okuw mekdebimiz ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Mekdebimizde ähli ugurlar boýunça ýörite synplar täze döwrebap tehnologiýalar bilen, şeýle hem önümçilik işlerini geçirer ýaly otaglar bilen üpjün edilen.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň uly ýardam bermegi bilen mekdebiň binalarynda düýpli gurluşyk-abatlaýyş işleri geçirildi. Geçirilen işler biziň mekdebimiziň maddy binýadyny düýpli berkitmäge, okuw prosesiniň hilini ýokarlandyrmaga we pudagymyz üçin gerekli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilikleri berdi. Şeýle hem umumy ýaşaýyş jaýy, kitaphana we elektron kitaphana bilen üpjün edildi. Okuw mekdebimizde sport bilen meşgullanmak isleýän talyplarymyz üçin giň mümkinçilikler döredildi. Döwrebap sport desgasy, kiçi futbol, woleýbol we basketbol oýunlaryna niýetlenen açyk meýdançalar sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň ygtyýaryna berildi. Olaryň arasynda has ukyplylary bolsa dürli derejeli ýaryşlarda okuw mekdebimiziň adyndan çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Häzirki döwürde Başlangyç hünär okuw mekdebimizde tölegli gündizki we agşamky okuw görnüşinde aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanýar: Buhgalterçilik işi, harytçy, söwda işi we türkmeniň bereketli saçagynyň bezegi bolan dürli görnüşli tagamlary, süýjülik önümlerini, işdäaçarlaryny taýýarlamak boýunça aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen), aşpez-konditer tehnology.
Okuw mekdebimizde 10 aý we 1,5 ýyl möhletli ugurlar boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanýar.
Mekdebimizde talabalaýyk bilim berilmek bilen birlikde, okuw ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, saglygy goraýyş we beýleki gulluklaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda yzygiderli duşuşyklar, maslahatlar we wagyz-nesihat çäreleriniň birnäçesi geçirilip durulýar.
Bagtyýar halkymyzy ajaýyp döwre ýetiren, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys! Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Mälikmyrat NURNAZAROW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň direktorynyň terbiýeçilik işleri
boýunça orunbasary.