Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly bi­ziň ýur­du­myz­da hem gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gym­mat­ly ka­gyz­lar ha­ry­dyň bir gör­nü­şi hasaplanýar. Eger ha­ryt bar bol­sa, el­bet­de, bu ha­ry­dy sa­tyn al­mak we sat­mak is­le­ýän ta­rap­lar hem bo­lup, olar bi­le­lik­de ba­za­ry eme­le ge­tir­ýär­ler. Ýö­ne­keý dil bi­len aý­dy­lan­da, gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry, adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, gym­mat­ly ka­gyz­la­ry ýer­le­mek üçin gur­na­lan ul­gam­dyr. Gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da emi­tent­le­riň, ýag­ny ak­si­ýa­la­ry we ob­li­ga­si­ýa­la­ry do­la­ny­şy­ga goý­ber­ýän ýu­ri­di­ki ta­rap­la­ryň, bu gym­mat­ly ka­gyz­la­ry al­mak ýa-da sat­mak is­le­ýän ra­ýat­la­ryň we eda­ra-kär­ha­na­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry eme­le gel­ýär. Şun­luk­da, gym­mat­ly ka­gyz­la­ry öz se­riş­de­le­ri­ne sa­tyn al­ýan ta­rap­lar ma­ýa go­ýu­jy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz­da gym­mat­ly ka­gyz­lar bi­len amal­lar Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gaz­na bir­ža­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar.
Sat­mak we sa­tyn al­mak işin­de, on­da-da gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da­ky ge­le­şik­ler­de, hök­ma­ny ýag­daý­da mas­la­hat be­ri­ji bi­ler­men­ler hem örän mö­hüm or­ny eýe­le­ýär­ler. Se­bä­bi bu hü­när­men­ler gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, söw­da­nyň ama­la aşy­ryl­ýan pur­sa­tyn­da­ky eme­le ge­len ýag­da­ýa gö­rä öz paý­na­ma­la­ry­ny ýer­le­ýän kär­ha­na­nyň ta­ry­hy­ny göz öňün­de tu­tup, müş­de­ri­le­ri­ni ug­ruk­dy­ryp hem bil­ýär­ler.
Şeý­le­lik bi­len gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da sa­ty­jy bi­len aly­jy­nyň ara­syn­da mas­la­hat be­ri­ji, ýö­ri­te hü­när­li del­lal­la­ryň bol­ma­gy iki ta­rap üçin hem örän wa­jyp­dyr. Olar öz işi­ni bel­le­ni­len ter­tip­de Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gin­den al­nan ýö­ri­te yg­ty­ýar­na­ma esa­syn­da ama­la aşyr­ýar­lar. Gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da del­lal­la­ryň esa­sy mö­hüm we­zi­pe­si, ma­ýa go­ýu­ma ze­rur­ly­gy bo­lan ta­rap­lar bi­len gir­de­ji al­ma­ga is­leg bil­dir­ýän ma­ýa­dar­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­dir.
Müş­de­ri­niň gym­mat­ly ka­gyz­la­ra ma­ýa goý­mak üçin del­la­la be­ren pul se­riş­de­le­ri, şeý­le hem del­lal ta­ra­pyn­dan müş­de­ri bi­len bag­la­şy­lan şert­na­ma­nyň esa­syn­da gym­mat­ly ka­gyz­lar bi­len ama­la aşy­ry­lan ge­le­şik­ler bo­ýun­ça al­nan pul se­riş­de­le­ri karz eda­ra­syn­da açyl­ýan aý­ra­tyn bank ha­sa­byn­da dur­ýar we Gaz­na bir­ža­syn­da müş­de­ri­niň adyn­dan çy­kyş ed­ýär. Del­lal öz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän hyz­mat­la­ry üçin bag­la­şy­lan şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, bel­le­nen möç­ber­de hyz­mat ha­ky­ny al­ýar. Şeý­le hem olar yk­dy­sa­dy­ýet­de eme­le ge­len ýag­daý­la­ry sel­jer­mek­li­gi we bo­lup bil­jek üýt­geş­me­le­ri çak­la­mak­ly­gy ba­şar­ma­ly hem-de müş­de­rä ge­rek bo­lan mas­la­hat be­riş hyz­ma­ty­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Ma­ýa go­ýum işi­niň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni del­lal­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Şo­nuň üçin del­lal­lar öz işi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren­de äh­li tej­ri­be­si­ni ula­nyp, ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy­ny gör­ke­zip iş­le­ýär­ler. Ne­ti­je­de, müş­de­ri­le­riň sar­gyt­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ola­ryň gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da­ky ab­ra­ýy­ny kes­git­le­ýär.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin dö­re­dip be­ren giň müm­kin­çi­lik­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys we ýur­du­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň mun­dan beý­läk hem ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris.

Döw­let­gel­di Hu­daý­ber­di­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň Ma­li­ýe yk­dy­sa­dy sel­je­riş we
usu­ly­ýet mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry – Ma­li­ýe yk­dy­sa­dy sel­je­riş bö­lü­mi­niň baş­ly­gy.