Biz, köp­lenç, öz sag­ly­gy­myz ba­ra­da az pi­kir ed­ýä­ris. Ýö­ne haý­sy­dy­r bir ke­se­le uç­ra­maz­lyk üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­mak on­çak­ly kyn däl. Köp adam­ ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­laş­ma­gy sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­dir öýd­ýär. Bu dog­ry, em­ma ýe­ter­lik däl. Dog­ry iý­mit­len­me­giň we fi­zi­ki iş­jeň­li­giň hem sag­ly­gy­my­zy go­ra­ma­gyň mö­hüm bin­ýat­la­ry­dy­gy­ny unut­ma­ly däl­di­ris. Köp adam lez­zet­li tiz ta­gam­la­ry, çip­si­le­ri, süý­jü­lik­le­ri ha­la­ýan hem bol­sa, bu­la­ryň köp iýil­me­gi­niň sag­ly­gy­my­z üçin ýa­ram­ly däl­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le iý­mit­ler­den do­ly ýüz öw­rüp bol­ma­sa-da, ola­ry çäk­len­dir­mä­ge ça­lyş­ma­k mas­la­hat be­ril­ýär.
Sport bi­len meş­gul­lan­ma­k sag­ly­gy go­ra­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ho­wa­nyň ma­ýyl gün­le­ri maşk et­me­giň, yl­ga­ma­gyň ýa-da we­lo­si­ped sür­me­giň öz lez­ze­ti bol­ýar. Da­şar­da ho­wa so­wuk bo­lan gün­le­ri öý­de hem haý­sy­dyr bir maşk bi­len meş­gul­la­nyp bol­ýar. Ýö­ne­keý ge­ze­lenç et­mek hem peý­da­ly­dyr. Em­ma maşk­yň peý­da­ly bol­ma­gy üçin ony di­ňe boş wag­tyň­da däl-de, yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­li.
Sag­ly­gyň esa­sy çeş­me­le­rin­den bi­ri hem uky­ňy ka­da­ly al­mak­dyr. Gi­je be­de­ni­miz ýi­ti­ren ener­gi­ýa­sy­ny gaý­ta­dan di­keld­ýär. Uku­syz­lyk iş­jeň­li­gi pe­seld­ýär, pi­ki­riň da­gy­nyk­ly­gy­na we ga­har­jaň­ly­ga se­bäp bol­ýar. Her gün ir­den oýa­na­ny­ňyz­dan soň­ra maşk et­me­li. Ir­den yl­ga­mak, ýüp­de bök­mek we tur­nik­de çe­kil­mek hem peý­da­ly­dyr. Fi­zi­ki iş­jeň­lik­den soň adam özü­ni ru­hu­be­lent duý­ýar, gün­di­zi­ne he­re­ket­de bo­lan adam, gi­je­si­ne ra­hat uk­la­ýar.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­sin­iň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy de­ňag­ram­ly iý­mit­len­mek­dir. Sag­dyn iý­mit­len­mek sag­ly­gyň aça­ry­dyr. Köp suw iç­mek, gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. He­re­ke­tiň ha­ýal­ly­gy­na se­bäp bol­ýan zy­ýan­ly ýa­rym fab­ri­kat önüm­ler­den ga­ça dur­ma­ly. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň al­tyn şy­ga­ry – dog­ry gün ter­ti­bi, iş­jeň he­re­ket, aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç, ha­la­ýan ki­tap­la­ry­ňy oka­mak, nus­ga­wy saz­la­ry diň­le­mek, hü­nä­riň­de kä­mil­leş­mek ha­sap­lan­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si di­ňe bir ka­da­ly iý­mit­len­mek we sport bi­len meş­gul­lan­mak bol­man, eý­sem, öz be­de­ni­mi­ze ber­len gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dog­ry ulan­mak uky­by­myz­dyr.

Beg­na­zar Ber­di­ýew,
Myrat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň
Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň
Gos­pi­tal hi­rur­gi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň
kli­ni­ki or­di­na­to­ry.