Gije-gündiziň dowamlylygy 24 sagat. Bu wagtyň dowamynda biz mekdebe gitmeli, sapaklarymyza taýýarlanmaly, öý ýumuşlaryna kömek etmeli, oýnamaly we dynjymyzy almaly. Eýsem, bu işler ýerine ýetirilende, wagtymyzy tygşytly we ýerlikli peýdalansak gowy bolmazmy? Şeýtsek, bize halaýan işlerimizi ýerine ýetirmäge goşmaça wagt hem galar. Geliň, onda wagtymyzy netijeli peýdalanmagyň usullaryna seredeliň!
Ilki bilen has gowy görýän dersleriňizi, peýdaly we halaýan güýmenjeleriňizi kagyza belläň!
Edil şu wagt näme etmelidigi barada pikir ediň! Ertir okuwda synag barmy? Mümkin sen uly bir düzme ýazmaly ýa-da uly bir goşgyny ýat tutmalysyň? Bular ilki bilen ýerine ýetirilmeli işlerdir.
Iň möhüm meseleler ýazylansoň, pikirleniň: maşgalaňyza ýa-da dostlaryňyza nähili kömek edip bilersiň? Otagyňyzy, köwşüňizi ýa-da mekdep torbaňyzy arassalamalymy? Bu zatlary sanawyňyza goşuň!
Ine, boş wagt! Nähili geçiresiňiz gelýär? Gezelenç etjekmi ýa-da kitap okajakmy? Dostlaryňyz bilen duşuşjakmy ýa-da öýde multfilme tomaşa etjekmi? Näme isleýäniňizi özüňiz gowy bilýän bolsaňyz gerek.
Etmeli işleriňiziň sanawy uzynmy?!
Bu gorkuly däl. Ilki bilen iň möhüm meseleleriňizi reňkli ruçka bilen belläň! Bu siziň hökman ýerine ýetirmeli işiňiz. Olary ýerine ýetirmek üstünlik.
Sanawdaky ähli işler gutardymy? Henizem wagtyňyz barmy? Onda şu hepdäniň dowamynda ýerine ýetirmeli has kyn işiňiz barmy? Belki iki-üç günden soň birnäçe bentli goşgyny ýat tutmalysyň? Gündeligiňize göz aýlaň! Belki bu kyn iş siziň tutuş bir günüňizi alyp biler. Şeýle bolsa, şu gün onuň bir bölegini ýerine ýetiriň!
Sanawdaky ýumuşlaryňyzyň ýerine ýetirilmedigi barmy? Eger jogabyňyz «hawa» bolsa, bu adaty zat. Onuň sebäbini tapyň! Meseläniň nämedigini bilmezden onuň çözgüdini tapyp bilmersiňiz. Gerek bolan halatynda ululardan kömek soramagy unutmaň!
Her gün sanawyňyzy gözden geçirip, näçe iş edeniňiz we ony has-da gowulandyrmak üçin näme edip boljakdygy barada pikir ediň! Eger şeýtseňiz belli bir wagtdan soňra iň gowy we üstünlikli sanaw taýýarlarsyňyz. Elbetde, onuň netijeleri hem şowly bolar.
Üstünlik hemraňyz bolsun!
Gözel Nuryýewa,
Türkmenabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.