Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkez hökmünde ýörite derejä eýe bolup, möhüm syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni çäreleriň, dürli duşuşyklaryň, simpoziumlaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Paý­tag­ty­myz­da yzy­gi­der­li gu­rul­ýan özü­ne çe­ki­ji be­ýik bi­na­lar, ka­şaň yma­rat­lar, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry aş­ga­bat­ly­la­ryň eş­ret­li dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Gu­rul­ýan we gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän döw­re­bap ça-ga­lar bag­la­ry, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry, sta­di­on­lar we beý­le­ki sport des­ga­la­ry hem-de iri kär­ha­na­lar top­lu­my, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň, Me­de­ni­ýet şä­her­çe­si­niň gu­rul­ma­gy paý­tag­ty­my­zyň bi­na-gär­lik keş­bi­niň düýp­li öz­ger­me­gi­ne ge­tir­di.
Baş şä­he­ri­miz­de gu­rul­ýan bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si­niň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi hem bu aý­dy­lan­la­ry tas­syk­la­ýar.
Aş­ga­ba­dyň dur­muş dü­zü­mi­ni ös­dür­mek iş­le­ri­niň saz­la­şyk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Ila­tyň iş­le­me­gi, oka­ma­gy, dynç al­ma­gy, sport, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy, döw­re­bap söw­da, dynç alyş we sa­gal­dyş hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler hormatly Prezidentimiziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar.
Uzak gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­mek, mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren tä­ze­çil şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň hä­zir­ki keş­bin­de tu­tuş ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dep­gin­le­ri, onuň kö­pu­gur­ly kuw­wa­ty, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy we me­de­ni däp­le­ri öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 25-26-njy ýan­war­da paý­tag­ty­myz hem-de onuň tö­we­re­gi bo­ýun­ça iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, bir­nä­çe mö­hüm des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy we onuň dur­muş dü­zü­mi­niň top­lum­la­ýyn esas­da döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dy.

Türk­men ala­baý it­le­ri­niň
baý­ra­my bel­le­ni­ler
25-nji ýan­war­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­le­riň bi­rin­de gu­rul­ýan des­ga­lar top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy.
Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na Hal­ka­ra türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy­nyň top­lu­my­nyň baş me­ýil­na­ma­sy, onuň şe­kil tas­la­ma­sy, top­lu­myň baş gi­rel­ge­si­niň gör­nüş­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry, bu ýer­de otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän ala­baý­la­ryň şe­kil­le­ri, to­ma­şa­çy­lar mün­be­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň, ala­baý it­le­ri­niň ser­gi meý­dan­ça­sy­nyň, päs­gel­çi­lik­le­riň gör­nüş­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry we top­lu­myň des­ga­la­ryn­da ula­nyl­ýan be­zeg se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar bi­len iç­gin tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­ri­zip, gu­rul­ýan des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nan­da ola­ryň gur­lu­şy­gyn­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­li­di­gi­ni, ola­ryň hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne ky­bap gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­men ala­baý it­le­ri­niň baý­ra­my­nyň Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp ge­çi­ril­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di we ýur­du­my­zyň hem-de hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Paý­tag­ty­my­zyň
esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň
140 ýyl­ly­gy­na my­na­syp sow­gat
Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de bi­na edil­ýän we Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän se­bit­de iri Söw­da we dynç alyş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na mer­kez­de gu­rul­ýan bi­na­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, ola­ryň iç­ki we daş­ky be­zeg iş­le­ri­ne, ula­nyl­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ne de­giş­li tas­la­ma­lar gör­ke­zil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze top­lum­da iri söw­da mer­kez­le­ri­niň işi­ni gu­ra­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy çöz­güt­le­ri­niň hem-de döw­re­bap be­zeg pi­kir­le­ri­niň öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di we top­lu­myň iç­ki be­ze­gin­de gün­do­gar na­gyş­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­niň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu top­lu­myň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly de­giş­li ny­şa­ny taý­ýar­la­mak, onuň gö­zel­lik, yk­jam­ly­lyk we amat­ly­lyk ýa­ly ugur­la­ry özün­de jem­le­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri göz öňün­de tut­mak ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz özü­niň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy, saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Dün­ýä­niň owa­dan we ýa­şa­ýyş üçin amat­ly şert­le­ri özün­de jem­le­ýän şä­her­le­ri­niň ha­ta­ryn­da or­nu­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýan Aş­ga­bat tä­sin bi­na­gär­lik çöz­güt­le­re eýe bo­lan öz­bo­luş­ly des­ga­la­ry bi­len bir­nä­çe ge­zek Gin­ne­siň bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dün­ýä nus­ga­lyk­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, Aş­ga­ba­dyň dür­li dö­wür­ler­de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni, aý­dym­çy­la­ry we kom­po­zi­tor­la­ry tä­ze eser­le­ri dö­ret­mä­ge ruh­lan­dy­ran­dy­gy­ny, şeý­le­lik­de, paý­tag­ty­myz ha­kyn­da­ky bir­nä­çe çe­per eser­le­riň, aý­dym­la­ryň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýag­daý­lar­dan ugur alyp, şä­he­riň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de bi­na edil­ýän we bir­nä­çe dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýän bu top­lu­myň «Aş­ga­bat» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di, mu­nuň paý­tag­ty­my­zyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­na my­na­syp sow­gat bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, şä­her hä­ki­mi­ne de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy bi­len ga­bat gel­ýän­di­gi­ni, onuň giň­den baý­ram edil­jek­di­gi­ni bel­läp, bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň gu­ral­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz
yzy­gi­der­li kuw­wat­lan­ýar
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we Türk­me­nis­tan­da ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan gur­lu­şyk­la­ry syn­la­dy. Şä­he­riň gü­nor­ta kün­je­gin­de bi­na edil­ýän «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň we «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň tä­ze bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da iş­ler bel­le­ni­len me­ýil­na­ma la­ýyk de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li kuw­wat­lan­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň bank-ma­li­ýe dü­zü­mi­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz ban­kyň gur­lu­şy­gyn­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň, on­da hä­zir­ki za­man ösen tej­ri­be­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy­nyň, ban­kyň işi­ne döw­re­bap san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Tä­ze se­ýil­gäh «La­çyn»
di­ýip at­lan­dy­ry­lar
26-njy ýan­war­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de A.Ny­ýa­zow we Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy kö­çe­le­ri­niň ug­run­da gu­rul­ýan des­ga­la­ryň gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy­na gel­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan we gur­lu­şy­gy me­ýil­leş­di­ri­len bi­na­la­ryň şe­kil tas­la­ma­sy, «Ga­ra­gum» işe­wür­lik mer­kez­li myh­man­ha­na­nyň baş me­ýil­na­ma­sy hem-de se­ýil­gä­hiň şe­kil tas­la­ma­sy we baş me­ýil­na­ma­sy, söw­da dynç alyş mer­ke­zi­niň tas­la­ma­la­ry, ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­riň şe­kil tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­nil­di.