Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýan ýur­du­myz ösüş­le­riň aý­dyň ýo­ly bi­len öňe bar­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýet­de, sy­ýa­sat­da, me­de­ni­ýet­de, sun­gat­da, umu­man, äh­li ul­gam­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ýur­du­my­zyň kuw­wat­lan­ma­gy­na we hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da art­ma­gy­na alyp bar­ýar. Mu­ny «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler hem aň­ry­ýa­ny bi­len tas­syk­la­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň ýan­war aýy ta­ry­hy wa­ka­la­ra baý aý­la­ryň bi­ri bol­dy. Aki­na-And­hoý (Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy) men­zil­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­luň ulan­ma­ga be­ril­me­gi, Ker­ki (Türk­me­nis­tan) – Şi­bir­gan (Ow­ga­nys­tan) ug­ry bo­ýun­ça güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, şeý­le hem bu iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky Ymam­na­zar (Türk­me­nis­tan) – Aki­na (Ow­ga­nys­tan) hem-de Ser­he­ta­bat (Türk­me­nis­tan) – Tur­gun­dy (Ow­ga­nys­tan) op­ti­ki-sü­ýüm­li hal­ka­ra ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi, «Ma­laý» gaz kä­nin­de gaz gy­sy­jy des­ga­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýy­lyň il­kin­ji aýy­nyň esa­sy sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy wa­ka­la­ry bol­dy.

Ola­ryň ha­ta­ry­na ýe­ne-de bi­ri go­şul­dy. Ol hem dost­lu­gyň hem-de do­gan­ly­gyň deň­zi bo­lan Ha­zar deň­zin­de hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­je­si­niň ke­ma­la gel­me­gi­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty esa­syn­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­ga, dur­nuk­ly ösü­şe gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar iş ýü­zün­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. 21-nji ýan­war Ha­zar deň­zi­niň ýa­kyn dö­wür­dä­ki ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. Çün­ki bu se­ne­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li hem-de pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ha­zar deň­zin­dä­ki «Dost­luk» ýa­ta­gy­nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de göz­le­mek, iş­läp geç­mek we öz­leş­dir­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.
Bu mö­hüm res­mi­na­ma dün­ýä­niň met­bu­gat sa­hy­pa­la­ryn­da uly orun al­dy. Met­bu­gat gul­luk­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len dost­luk­ly türk­men-azer­baý­jan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­jä eýe bo­lan­dy­gy, şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem se­bi­tiň ener­ge­ti­ka ul­ga­my bi­len bir ha­tar­da beý­le­ki ugur­lar­da hem öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy tas­la­ma­lar üçin bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek ta­ry­hy hem-de mö­hüm res­mi­na­ma­nyň gol çe­kil­me­gi­niň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar. Se­bä­bi Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny we hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mek Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Ha­zar deň­zi dün­ýä­dä­ki iň uly yk­ly­mi­çi suw how­da­ny ha­sap­lan­ýar. Ha­zar deň­zi Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýär. Şo­nuň üçin bu stra­te­gik mö­hüm ugur­da ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar.
Ha­zar deň­zi­niň öz­bo­luş­ly bio­lo­gik baý­lyk­la­ry bar­dyr. Deň­ziň ga­zy­lyp alyn­ýan um­ma­syz te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny dün­ýä­niň ýurt­la­ry­nyň peý­da­sy­na ulan­mak üçin giň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mit­da Ha­za­ryň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi se­bit­de kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bin­ýa­dy­ny dö­ret­di. Şo­nuň esa­syn­da Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da gol çe­ki­len bu yla­la­şyk mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we öza­ra yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Mu­ňa ýo­kar­da at­lan­dy­ry­lan mö­hüm res­mi­na­ma hem aý­dyň my­sal­dyr. Ýe­ne-de bir bel­le­me­li zat, milli Liderimiz bi­len dost­luk­ly Azer­baý­jan döw­le­ti­niň Prezidentiniň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly du­şu­şy­gyn­da hem bel­le­ni­lip ge­çi­li­şi ýa­ly, iki ýur­duň ara­syn­da şu wag­ta çen­li 100-den gow­rak hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da res­mi­na­ma­la­ra gol çe­ki­len bol­sa, şo­la­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­na soň­ky üç ýyl­da gol çe­kil­me­gi döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Aý­gö­zel MU­HAM­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we
in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.