Yssy ýurtlarda adamlar günortan çagy az wagtlyk uklaýarlar. Hytaýda geçirilen barlaglarda munuň adam saglygy üçin peýdalydygy ýüze çykaryldy. 2 müň 200 adamyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-barlagda günortanky ukynyň adamyň zehinini açýandygy anyklandy. Ýurduň iri şäherleriniň biri bolan Şanhaýdaky saglyk merkezleriniň birinde ukynyň adam saglygyna täsirini öwrenmek üçin barlag geçirildi. Ylmy-barlaga Pekin, Şanhaý we Sian şäherleriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Gatnaşanlaryň 1520-si günortan 2 sagatdan az wagtlyk uklady, 680 adam gündizine oýa geçirdi. Hünärmenler gatnaşyjylary gysga wagtlyk ýatkeşlik, ünslülik, mysal çözmek, suratlary tapawutlandyrmak we sözleýiş yzygiderliligi ýaly synaglardan geçirdiler. Ylmy topara ýolbaşçylyk edýän doktor Lin Sun günortan ukusyny alanlaryň ýatkeşlik we sözleýiş yzygiderliliginde tapawutlanandygyny mälim etdi.
Myrat Durdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.