Gresiýanyň arheologlary Egeý deňzindäki Lesbos adasynda 20 million ýyllyk agaç galyndysyny tapdylar. Agajyň şahalary we kökleri daşa öwrülip galypdyr. Adadaky tokaýlaryň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan daşa öwrülen agaç muzeýe äkidildi. Tebigat taryhy muzeýiniň işgäri professor Nikos Zuros sebitde 1995-nji ýyldan bäri gazuw-agtaryş işlerini geçirýändiklerini, ilkinji gezek şeýle gymmatly açyş edendiklerini belledi. Professor agajyň örän gowy saklanandygyny, onuň haýsy görnüşe degişlidiginiň anyklanjakdygyny mälim etdi. ÝUNESKO-nyň tebigy miras sanawyna girizilen adada 15 müň gektar tokaý bar. Agaç wulkanyň atylmagy netijesinde çykan lawalaryň külleriniň aşagynda galypdyr. Bu bolsa onuň gowy saklanmagyna şert döredipdir.
Jepbar Gurbanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.