Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gülläp ösýän, häzirki döwürde sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat ähli döwürleriň iň ajaýyp şäherleriniň biridir. Ol özüniň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, kaşaň ymaratlary bilen göreni özüne maýyl edýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde gurulýan ajaýyp durmuş we medeni maksatly binalar halkymyzyň Aşgabat şäherine bolan söýgüsini has-da goşalandyryp, göwünlerini göterýär.
«Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabadyň durmuş düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlarymyzyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her bir täze binada ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Milli Liderimiz ýygy-ýygydan paýtagtymyza iş saparlaryny amala aşyryp, gurulýan täze ymaratlaryň gurluşygy bilen yzygiderli gyzyklanýar. Ýakynda hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygyny synlady. Bu ajaýyp toplum şäherimiziň görküne görk goşup, özünde jemleýän sanly ulgamyň iň soňky gazananlary bilen ildeşlerimize söwda we durmuş hyzmatlarynyň aňrybaş derejesini hödürlär.
Bu ýerde gurulýan jaşaýyş jaýlarynyň ozalkylardan tapawutlylykda 6-7 otagdan ybarat bolmagy köp çagaly maşgalalar üçin edilýän aladalaryň özboluşly nyşanydyr. Ak mermerli paýtagtymyzyň iň owadan künjekleriniň birinde gurulýan bu binany hormatly Prezidentimiziň «Aşgabat» diýip atlandyrmak baradaky teklibi halkymyzyň göwünlerini galkyndyrdy. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Paýtagtymyz Aşgabat ähli döwürlerde hem döredijilik äleminde giňden wasp edildi we edilip gelinýär. Şoňa görä-da, milli Liderimiziň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigini guramak baradaky başlangyjy hem giň seslenme döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan döremelidigi, onuň halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidigi, onda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygy baradaky aýdan sözleri owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän Aşgabadyň bagtyýarlygyň we berkararlygyň nyşanydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary ak şäherimiziň görküne görk goşýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi paýtagtymyzyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. Ak şäherimiziň ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Aşgabat – ajaýyplygyň şäheri.
Baýram YLÝASOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.