Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da se­na­gat­da, me­de­ni­ýet­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da, bi­lim­de, sport­da we beý­le­ki ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Şol san­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da hem ge­çen ýyl­lar­da bel­le­nil­mä­ge my­na­syp uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy.
Ýur­du­myz­da daý­han­la­ra ha­lal zäh­met çe­kip, top­rak­dan bol ha­syl al­ma­ga, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le hem oba ho­ja­ly­gy­nyň önüm­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy üçin da­şa­ry ýurt­lar­dan döw­re­bap teh­ni­ka­la­ryň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy top­rak­dan bol ha­syl al­ma­ga we ýe­tiş­di­ri­len önüm­le­ri wag­tyn­da ýyg­na­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Umu­man, beý­le­ki pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji zäh­met­keş­le­re döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn ýe­ňil­lik­le­riň be­ril­me­gi bu pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir. «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hem daý­han­la­ry­my­zyň uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­jak­dy­gy­ny aýt­mak bo­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da hormatly Prezidentimiz Hö­kü­met mej­li­sin­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na de­giş­li mö­hüm res­mi­na­ma gol çek­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­myz­da 620 müň gek­tar meý­dan­da go­wa­ça ekip, 1 mil­li­on 250 müň ton­na ha­syl ýyg­na­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz her hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çir­ýän hö­kü­met mej­lis­le­rin­de, iş mas­la­hat­la­ryn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat­la­ry alyp, ol ba­ra­da de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul ed­ýär. Hormatly Prezidentimiz meý­dan iş­le­ri­ni bel­le­ni­len möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek üçin ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ryň ber­jaý edil­me­gi­ne, oba ho­ja­ly­gyn­da bug­da­ýyň, pag­ta­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny al­ma­ga ýar­dam ed­ýän yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny hem-de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, meý­dan iş­le­ri gyz­ga­laň­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Ýer­le­ri go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­la­mak işi­ne jo­gap­kär­li çe­me­le­şil­ýär. Sü­rü­miň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ge­çi­ril­me­gi ug­run­da äh­li müm­kin­çi­lik­ler­dir şert­ler­den ýer­lik­li peý­da­la­nyl­ýar. Tä­ze ha­sy­lyň düý­bü­ni mä­käm tut­mak­da her bir daý­han­çy­lyk çä­re­si­niň öz wag­tyn­da, ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi mö­hüm­dir. Şo­nuň üçin tä­ze ekiş döw­rü­niň öňü­sy­ra­syn­da hä­zir­ki gyş gün­le­rin­de teh­ni­ka­la­ry möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem ta­la­ba­la­ýyk do­wam et­di­ril­ýär.
Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re teh­ni­ka­la­ry we iş gu­ral­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin bank­lar­da ýe­ňil­lik­li, uzak möh­let­li karz se­riş­de­le­ri uly möç­ber­ler­de be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­ly­gy­na teh­ni­ki taý­dan hyz­mat ed­ýän kär­ha­na­la­ryň we daý­han bir­le­şik­le­ri­niň teh­ni­ka güý­ji düýp­li tä­ze­len­ýär. Bu bol­sa kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ryň daý­han­la­ryň ha­ky­ky da­ýan­jy­na öw­rül­me­gi­ni şert­len­dir­di. Hut şu­nuň ne­ti­je­sin­de, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ABŞ-nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň we dün­ýä­niň se­na­gat taý­dan ösen beý­le­ki döw­let­le­ri­niň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ön­dü­ri­len yg­ty­bar­ly we ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ryň güý­jün­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýörelgesiniň göz­ba­şyn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dö­re­di­ji­lik­li we ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek ug­run­da­ky ala­da­la­ry du­ran­dyr. Şo­nuň esa­syn­da hem ýur­du­my­zyň oba zäh­met­keş­le­ri yh­las­ly zäh­met çe­kip, ýer­den bol ha­syl ön­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär­ler. Ýur­du­myz oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da de­giş­li önüm­le­ri ön­dür­mek­de giň tej­ri­be top­la­dy. Ýy­lyň-ýy­ly­na pag­ta­nyň bol ha­sy­ly ön­dü­ril­ýär. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da dok­ma pu­da­gy üçin hem ýer­li çig mal bin­ýa­dy dö­re­dil­ýär. Dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nan dok­ma önüm­le­ri­mi­ze bol­sa dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da uly gy­zyk­lan­ma bar. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa türk­men pag­ta­syn­dan taý­ýar­la­nan dok­ma önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­niň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na ibe­ril­me­gi türk­men pag­ta­sy­nyň hi­li­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy bi­len şert­le­nen­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­dä­ki alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Gy­lyç­my­rat ORAZ­MU­HAM­ME­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my, we­te­ri­nar ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.