Braziliýaly 8 ýaşyndaky oglanjyk Kuan Basilýa dünýä belli “Nike” kompaniýasy bilen häzirlikçe 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Santos” futbol klubunyň U9 toparynda oýnaýan ýaşajyk futbolçy bu barada: “Men örän şat. Bu meniň we maşgalam üçin ýatdan çykmajak günleriň biri. Men ilkinji şertnamamy baglaşdym. Hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn” diýip, özünň instagram sahypasynda beýanat berdi. “Santos” futbol akademiýasynyň geljekki ýyldyzy Basilýanyň 8 ýaşynda şeýle uly möçberde şertnama baglaşmagy “Diario Ole” sport gazetiniň habar bermegine görä rekorda deňdir. “Santosyň” mundan öňki rekordy Rodrigonyň 11 ýaşynda şertnama baglaşmagy bolupdy. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtyň super ýyldyzlary – Neýmar “Nike” bilen 13, Lionel Messi bolsa “Adidas” bilen 15 ýaşynda şertnama baglaşypdy.