Dürli fiziki işleri ýerine ýetirip bilýän “Boston Dynamics”-iň robotlaryna täze ukyp goşuldy. Ite meňzeş bolan dört aýakly robot indi öýleri hem arassalap bilýär. “Spot” atly täsin robot indi iki öň aýagyny galdyryp gapyny açmak, yşyklary ýakyp-öçürmek, ýerdäki paty-putulary ýygnap, sebede salmak ýaly işleri hem edip bilýär. Çagalar bilen hem oýnaýan robot ýüpde hem böküp bilýär. Şeýle hem çagalaryň arasyna goşulyp, asfalta çyzylan öýjüklerden ýasy daşjagazy depip geçirmegi hem başarýar. Bu robotlary öndürmek bilen meşgullanýan “Boston Dynamics” kompaniýasy geçen ýylyň dekabrynda “Hyundai Motor Group” kompaniýasyna satylypdy.