Öçürilen suratlary gaýtadan dikeldýär

185

Suratlary we wideolary beýleki ulanyjylar bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýän “Instagram” platformasyna täze aýratynlyk goşulýar. Täze aýratynlyk arkaly soňky 30 günüň dowamynda öçürilen suratlary gaýtadan dikeldip bolar. Muny etmek üçin “Instagram”-y açyň we “sazlamalar” bölümine girip, şahsy hasabyňyzdaky bozulan  suratlary saýlaň we “ýakynda bozulan” düwmesine basmaly. Şeýlelikde şol suratlar yzyna geler. Ýeri gelende aýtsak, “Facebook” kompaniýasy 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinde “Instagram”-y 1 milliard dollara satyn alýar.