Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak, sag­dyn ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mek, ila­ty köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport he­re­ke­ti­ne çek­mek döw­let sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm ugur­lar ha­sap­la­nyl­ýar. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len sport ul­ga­myn­da ýaş­lar üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Milli Liderimiziň gö­rel­de­si­ne eýer­ýän ýaş­lar spor­tuň dür­li gör­nü­şi bi­len meş­gul­la­nyp, üs­tün­lik­li tür­gen bol­mak üçin tagalla edýärler. Mu­ňa hal­ka­ra sport bäs­le­şik­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ýan we baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­ýän türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz soň­ky ýyl­lar­da mö­hüm hem-de iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýur­du­na öw­rül­di.
2017-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Azi­ýa­nyň iň iri ýa­ry­şy bi­len ba­dal­ga alan hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip ge­lin­me­gi Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dy­ryp, türk­men paý­tag­ty­ny hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň mer­ke­zi­ne öwür­di.
Iri hem-de kuw­wat­ly döw­let­le­riň hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny na­za­ra ala­nyň­da, bi­ziň ýur­du­myz hem şol döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da öz my­na­syp or­nu­ny al­dy. Mu­nuň üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz şu ýyl hem ýe­ne-de 2 sa­ny iri hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da sport ul­ga­myn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len aja­ýyp sport top­lum­la­ry, sta­di­on­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri, ýüz­ler­çe beý­le­ki des­ga­lar bi­na edil­di. Se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si şo­la­ryň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Onuň gu­rul­ma­gy spor­tuň ös­dü­ril­me­gin­de mö­hüm tap­gyr bol­dy. Bu­la­ryň äh­li­si ýo­ka­ry dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne we Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän mil­li sport ul­ga­my­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni aýt­ma­ga esas ber­ýär.
Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýy­lyň 6-12-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­myn­da Ten­nis bo­ýun­ça De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şyň tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Şeý­le­lik­de, mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­la­ryň ýe­ne bi­ri ge­çi­ri­lip, spor­tuň we sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rü­len eziz Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­te­rer.
Ten­nis top­lu­my Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän 4 müň adam­lyk bu des­ga­da ten­nis bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ýär. Bu ýerde 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ten­nis top­lu­myn­da hal­ka­ra ten­nis ýa­ry­şy ge­çi­ri­lip­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy we taý­syz ta­gal­la­sy bi­len gur­lan Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de hal­ka­ra de­re­je­dä­ki dür­li sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ma­ga aja­ýyp şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler bar. 2017-nji ýyl­da bu ýer­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň, 2018-nji ýyl­da bol­sa Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de, gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi bu sport top­lu­my­nyň tä­ze ýa­ryş­la­ry ka­bul et­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sat­la­ry­ny we tej­ri­be­li tä­lim­çi­le­ri taý­ýar­la­mak, ýaş tür­gen­le­riň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek işi ýur­du­myz­da anyk we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mu­nuň üçin «Türk­me­nis­tan­da 2021-2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Bu mak­sat­na­ma türk­men spor­tu­ny gol­da­mak we ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ösüp gel­ýän ýaş nes­li spor­ty söý­mek, ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň bi­te­wi ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek hem-de mil­li spor­ty dün­ýä de­re­je­sin­de ýo­ka­ry gö­ter­me­giň yg­ty­bar­ly hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we mad­dy-teh­ni­ki esas­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
Türk­men spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy ug­run­da uly ala­da­lar ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, döw­let­li iş­le­ri ro­waç al­syn!

Hez­re­ta­ly MÄT­JI­KOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.