Dünýä belli syýahatçylyk žurnaly «Condé Nast Traveler» Ýewropanyň iň gowy adalarynyň sanawyny düzdi. Her ýyl ýaýradylýan
sanawdaky adalaryň köpüsini Ortaýer deňzindäki adalar düzýär. Ine, bu adalar barada gysgajyk maglumatlar:
Folegandros, Gresiýa
Kiklad adalaryna degişli bolan Folegandros Egeý deňziniň günortasynda ýerleşýär. Meýdany 100 inedördül kilometrden gowrak bolan adada 1 500 töweregi adam ýaşaýar. Baý tebigaty bolan adanyň kenarýakalarynyň kert bolmagy ajaýyp deňiz manzaryny emele getirýär. Şeýle hem adadaky uly gowak bu ýeriň ähmiýetini has hem artdyrýar.
Zakinf, Gresiýa
Gresiýanyň günortasyndaky Ion deňzindäki adanyň kenarýakalary göreni özüne bendi edýär. Bu ýere mahsus bolan ak çägeli kenar hem-de irki döwürlerde deňziň düýbünde batan gäminiň galyndylary syýahatçylary bu ýere çekýär. Şeýle hem adada suw sportlarynyň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmak üçin şertler bar. Kiçijik myhmanhanalar, täze tutulan balyklardan tagamlary taýýarlaýan restoranlar syýahatçylaryň gowy dynç almaklary üçin oňaýly şert döredýär.
Krit, Gresiýa
Ortaýer deňzindäki adalaryň köpüsi owadan tebigaty, arassa kenarýakalary, güneşli howasy bilen syýahatçylary özüne bendi edýär. Krit hem şeýle adalaryň biri. Grek adalarynyň iň meşhury Krit hasaplanýar. Bu ada Ýewropa medeniýetiniň doglan ýeri hasaplanýar. Ýumşajyk çägeli adadaky gadymy ýadygärlikler diňe deňiz kenarynda dynç almak isleýän jahankeşdeleri däl, eýsem, taryh bilen gyzyklanýanlary hem özüne çekýär. Ada Ortaýer deňzi bilen Egeý deňziniň birigýän ýerinde ýerleşýär. Irki döwürlerden bäri deňiz ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi sebäpli baý medeniýeti bilen hem tapawutlanýar. Adanyň tebigaty zeýtun ösdürip ýetişdirmek üçin hem amatly. Ýerli halkyň aglaba bölegi syýahatçylyk pudagy bilen bir hatarda zeýtun ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek bilen hem meşgullanýar.
Hwar, Horwatiýa
Adanyň uly bölegini uzyn boýly arça tokaýlyklary emele getirýär. Adriatik deňzindäki adada ýokary hilli ýag alynýan zeýtun agaçlary bar. Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerde has irki döwürlerde ýaşaýşyň bolandygy ýüze çykarylypdyr. Adadaky «Stari Grad» muzeýindäki taryhy eserler muňa şaýatlyk edýär. Adadaky gala diwarlary, taryhy binalaryň onlarçasy we beýikli-pesli köçeleri myhmanlary taryhyň jümmüşine gaýybana alyp gidýär. Şeýle hem bu ýerde köne gämi gurluşyk desgasy we açyk amfiteatr saklanyp galypdyr.
Mikonos, Gresiýa
Wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelen adanyň owadan tebigaty bar. Ýurduň iň köp syýahatçy kabul edýän adalarynyň biri bolan Mikonosyň myhmanlary iýul-awgust aýlarynda barha artýar.
Skiatos, Gresiýa
6 müňden gowrak ilaty bolan ada arça tokaýlyklary, seýrek duş gelýän gök-bakja ekinleri, arassa asmany bilen tapawutlanýar. Deňizde ýüzmek isleýänler üçin hem iň gowy ýerleriň biri hasaplanýar.
Iskýa, Italiýa
Ýurduň günortasyndaky ada irki döwürlerde wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelipdir. Häzirki wagtda 62 müňden gowrak ilaty bolan adanyň iň beýik nokady 788 metre ýetýär. Taryhy eserlere baý bolan adadaky şypahanalar has köp myhmany özüne çekýär.
Malýorka, Ispaniýa
Ýaz paslynyň ilkinji günlerinden başlap myhmanlary kabul edip başlaýan adanyň 900 müňe golaý ilaty bar. Kiçidigine garamazdan adada halkara aeroport hem hereket edýär. Adanyň esasy şäheri hem-de beýleki Balear adalarynyň merkezi şäheri hasaplanýan Palma-de-Malýorka bilen beýleki şäherleriň arasynda köne otly gatnaýar. Irki döwürleri ýatladýan bu otly arkaly edilýän gezelenç tebigy gözellikleri ýakyndan synlamaga mümkinçilik döredýär. Adada delfinler we düwlenler bilen ýerine ýetirilýän çykyşlar, esasan, maşgalasy bilen dynç alýanlaryň has köp isleg bildirýän güýmenjesi hasaplanýar. Şeýle hem deňiz kenarynda çagalaryň ýüzmegi üçin niýetlenen ýörite ýerler bar.
Bozjaada, Türkiýe
Öňki ady Tenedos bolan Bozjaadada hemişe pessaý şemal öwüsýär. Şol sebäpli bu ýeriň howasy örän arassa. Tebigaty surata almak isleýänler hem bu ýere köp barýar. Günüň ýaşýan pursaty ajaýyp tebigy gözelligi emele getirýär. Mylaýym şemalyň emele getirýän deňiz tolkunlarynyň rahatlandyryjy sesi jahankeşdeleri özüne bendi edýär.
Paros, Gresiýa
Dürli tagamlary hödürleýän restoranlary we sportuň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge döredilen mümkinçilikler adanyň sanawa girizilmegine şert döredipdir. 10 müň töweregi ilaty bolan adanyň 120 kilometrlik kenarýakasy bar.