Tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň biri hasaplanýan Singapurda birnäçe ýyldan bäri sürüjisiz awtobuslaryň hereketini ýola goýmak üçin synaglar geçirilýär. Ýurtda sürüjisiz ulaglaryň durmuşa geçirilmegi üçin ýene bir ädim ädildi. Şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary ýolagçy gatnawynyň az wagty Bilim seýilgähine barýan sürüjisiz awtobuslardan peýdalanyp bilýärler. Bu synagyň üç aýlap dowam etjekdigi mälim edildi. Sürüjisiz awtobuslar bu ýurtda 2015-nji ýyldan bäri ulanylýar. Emma täze ýola goýlan awtobus beýleki ugurlarda boşy ýaly, tölegli hereket edýär. Awtobusa münmek üçin ýörite telefon programmasy arkaly öňünden ýer belletmeli. Awtobusdaky tehnologiýa dolulygyna sürüjisiz hereket etmegini ygtybarly ýagdaýda üpjün edýän hem bolsa, gerek bolan halatynda dolandyrmak üçin sürüji bar. Ulagdan peýdalanýan ýolagçylar onuň howpsuzlygyna göz ýetirendiklerini belleýär. Sürüjisiz awtobuslaryň elektrik energiýasy bilen işleýändigi we galmagalsyz hereket edýändigi bellenildi.