Hytaýda 12-nji fewralda Bahar baýramy başlar. Şeýlelik bilen ýurt Gündogar senenamasyna laýyklykda Täze ýylyny bellär. Köçeler we meýdançalar eýýäm bezelip, yşyklar bilen şöhle saçýar. Hemme ýerde gyzyl çyralar. Gadymdan gelýän medeni däp-dessurlar häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşýar. Baýramçylyk mynasybetli Kunming şäherinde Aziýanyň iň uly gül bazary açyldy.
1911-nji ýyldan soň Bahar baýramy diýlip atlandyrylýan Hytaýyň Täze ýyly, Hytaýda we Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlarynda uzak dowam edýän esasy baýramçylyklaryň biri boldy. Ýurtda Bahar baýramy Aýyň Ýeriň daşyndaky aýlawyna görä kesgitlenýär. Şol sebäpli bu baýramçylygyň geçirilýän wagty her ýyl üýtgeýär. Baýramçylyk günüň uzalyp başlaýan wagty bolan 21-nji dekabrdan soň Aýyň doly aýlawyny tamamlan ikinji aýyň başynda bellenilýär. Bu sene Grigorian senenamasynda 21-nji ýanwar bilen 21-nji fewral aralygyndaky günleriň birine gabat gelýär.