Geçen ýyl Ýewropada iň köp satylan ulaglar barada maglumat ýaýradyldy. Sebit ýurtlarynda “Volkswagen Golf” modelinden 312 müň sanysy müşderilere ýetirildi. Sanawyň ikinji we üçünji ornuny hem “Volkswagen” modelleri eýeledi. Ýewropanyň Awtoulag Öndürijileri Bileleşiginiň (ACEA) resmi maglumatlaryna görä, birinji ýerdäki modelden diňe Germaniýada 134 müňi satylypdyr. “Volkswagen”-iň ýolbaşçysy Ralf Brandstatter “Golf 8” modeli bilen ozalky nesillerde gazanan üstünlikleriniň bökdençsiz dowam edýändigini aýtdy. Ýokary standartlara eýe bolan “Golf” ulagyna islegiň mundan soňra hem ýokary boljakdygy aýdylýar. Iň köp satylan ulaglaryň sanawda ikinji ýeri “Tiguan”, üçünji orny “Passat” eýeledi. Nemes brendi awtoulag satuwynda dünýä boýunça hem köp ýyldan bäri “Toyota” bilen başa-baş gidýär.