Milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk işlerine degişli durmuşa geçirilmeli anyk çäreler bellenildi. Şanly senäniň uly dabara beslenjek ýylynda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda dürli maksatly desgalardyr binalaryň ençemesi ulanylmaga berler.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy eýýämden uly dabaralara beslenýär. Döwletimiziň ähli pudaklarynda bu şanly senäni zähmet üstünliklerine beslemek esasy maksat bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ägirt uly işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle ajaýyp binalaryň köp sanlysynyň paýtagtymyz Aşgabatda gurlup ulanmaga berilmeginiň özi hem ak mermerli baş şäherimiziň dünýäniň iri syýasy hem-de ykdysady babatda döwrebap şäherleriniň birine öwrülýändiginiň doly subutnamasy bolup durýar.
Ata Watanymyz bu gün dünýä ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň, asudalygyň hem dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň hem rowaçlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelgäniň durmuşa ornaşdyrylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bar.
Häzirki döwürde gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň biridir. Özboluşly desgalary bilen Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizilen Aşgabat türkmen halkynyň geçmişiniň, şu gününiň hem-de geljeginiň aýdyň şäheridir. Häzirki döwürde milli Liderimiziň Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek babatda alyp barýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi. Şu ýyl 25-nji maýda biz Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçeris.
«Aziýanyň merjeni» diýen ada mynasyp bolan, özüniň täsin binalary bilen hemmeleri haýrana goýýan paýtagtymyzyň günorta böleginde kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy, ýurdumyzyň banklarynyň edara binalary, Halkara Kongresler binasy ýaly ajaýyp ymaratlaryň açylyş dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toý baýramlarynyň üstüni ýetirer. Mundan başga-da, bu sebitde ýurdumyzyň baş baýramy – şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň tutuljak ýeri bolan Hökümet münberiniň hem gurulmagy baýramlarymyzyň ýokary derejede gurnalmagy üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder. Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar. Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler geçiriler.
Myhmansöýerligiň şäheri hökmünde tanalýan paýtagtymyzda ulanmaga beriljek ýene-de bir ajaýyp myhmanhanalaryň biri hem «Garagum» myhmanhanasydyr. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşen bu myhmanhananyň binagärlik gurluşynda hem-de bezeginde ýurdumyzyň täsin tebigy gymmatlyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegi Aşgabada gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni çekjek ilkinji desgalaryň biri bolar. Myhmanhananyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Şeýle ajaýyp binanyň Aşgabatda gurulmagy milli Liderimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu gün diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegine, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýurdumyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jennet BABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.