ABŞ-da geçirilen barlaglara görä, ýönekeý kofeniň ýürek üçin peýdalydygy anyklanyldy. 1948-nji ýyldan bäri geçirilýän barlag Massaçusets ştatyndaky Freýmingem şäherinde ýaşaýan 5 müňden gowrak adamda geçirildi. Ilkibaşda barlag geçirilen adamlaryň çagalarynyň we agtyklarynyň hem saglyk ýagdaýy barlandy. 72 ýyllap saglyk ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanan adamda geçirilen barlagyň netijesinde, olaryň her günde içýän bir, iki ýa-da üç käse şekersiz kofesiniň ýürek üçin peýdalydygy ýüze çykaryldy. Süýtli kofe düzümindäki ýag sebäpli ýürek saglygyna peýda bermeýär. Yzygiderli şekersiz we süýtsüz kofe içmegiň bolsa agramyň kadaly bolmagyna goşant goşýandygy, ýaşyň ulalmagy bilen bagly ýüze çykýan huşsuzlygyň we beýleki keselleriň öňüni almaga ýardam edýändigi anyklanyldy. Şeýle hem lukmanlar her günde dört käseden köp kofe içmegi maslahat bermeýärler. Mundan başga-da, geçirilen barlagda kofeinsiz kofeniň saglyga oňaýsyz täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Kolorado uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetiniň professor-kardiology, kofeniň saglyga edýän täsiri bilen bagly ýazylan ylmy işiň awtory Dawid Kao kofeiniň ýürek saglygy üçin peýdalydygyny belleýär. Muňa garamazdan, professor kofeiniň ýürek üçin peýdasy bolsa-da, ýürek saglygyny goramak isleýän adamyň kofe içmegini däl-de, maşk etmegini we agramynyň kadaly bolmagyny üpjün etmegini maslahat berýär.
Öweznepes Orazgeldiýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.