ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) dür­li te­bi­gy şert­ler­de nä­hi­li üýt­geş­mä­ni baş­dan ge­çir­ýän­di­gi­ni anyk­la­mak üçin 1971-nji ýyl­da kos­mo­sa 500 tö­we­re­gi agaç to­hu­my­ny ibe­rip­di. «Apol­lo 14» mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de as­man gi­ňiş­li­gi­ne ibe­ri­len to­hum­lar Aýyň da­şyn­dan 34 ge­zek aý­la­nan­dan soň­ra Ýe­re gaý­dyp ge­lip, Gü­nor­ta we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da, Ýew­ro­pa­da we beý­le­ki ýurt­lar­da ekil­ipdi. 50 ýyl­dan soň­ra bol­sa bu agaç­la­ryň kar­ta­sy we su­rat­la­ry ýaý­ra­dyl­dy. Dür­li gör­nüş­le­re de­giş­li bo­lan to­hum­la­ryň ekil­me­gi ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki wagt­da ösüp otu­ran 83 aga­jyň bar­dy­gy anyklandy we olaryň suratlary ýaýradyldy.
1971-nji ýy­lyň 31-nji ýan­wa­ryn­da uçu­ry­lan üç ast­ro­nawt­ly kos­mos gä­mi­si 5-nji few­ral­da Aýa gon­ýar. Ast­ro­nawt­lar Aý­da 9 sa­gat bo­lan­la­ryn­dan soň­ra yzy­na gaý­dyp, 9-njy few­ral­da Ýe­re gel­ýär. Soň­ra bu to­hum­lar ABŞ-nyň To­kaý hyz­mat­la­ry mi­nistr­li­gi­ne be­ril­ýär. Olar şi­ne­le­ýän­çä gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ýar. 1976-njy ýyl­da ola­ryň na­hal­la­ry ABŞ-nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 200 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na dost­luk ny­şa­ny hök­mün­de sow­gat be­ril­ýär. Bra­zi­li­ýa, Şweý­sa­ri­ýa we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ra ibe­ri­len na­hal­lar uni­wer­si­tet­le­re, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri­ne be­ril­ýär, «Dost­luk» se­ýil­gäh­le­rin­de otur­dyl­ýar. Bu agaç­la­ryň ara­syn­da çy­nar, gün­ba­tar pla­to­ny, sek­wo­ýa ýa­ly gör­nüş­ler bar.