Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar adam­la­ryň gün­de­lik dur­mu­şy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak, aras­sa­çy­ly­ga üns ber­mek, agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk da­kyn­mak hä­li-şin­di mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le hem müm­kin bol­du­gy­ça öý­de maş­ga­la­ňyz bi­len wagt ge­çir­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Köp adam bol­sa öý­de ýa-da iş ýer­in­de gü­nu­zyn he­re­ket­siz otur­ma­ly bol­ýar. Hä­zi­re çen­li ge­çi­ri­len bar­lag­lar te­le­wi­zo­ryň ba­şyn­da­ u­zak wagt otur­ma­gyň, komp­ýu­te­riň ýa-da te­le­fo­nyň ek­ra­ny­na bir­syh­ly se­ret­me­giň adam sag­ly­gy­na oňaý­syz tä­sir edip bil­jek­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy. Ang­li­ýa­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da komp­ýu­te­riň öňün­de uzak wagt­lap ara­kes­me­siz otur­ma­gyň bo­ýun, bil we ar­ka agy­ry­sy­na se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi bellenilýär. Fi­zio­te­ra­pewt Aş­li Jeý­ms uzak wagt­lap şol bir gör­nüş­de he­re­ket­siz otur­ma­gyň be­de­ne zy­ýan­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, müm­kin bo­lan her pur­sat­da he­re­ket et­mä­ge ça­lyş­ma­ly­dy­gy­ny aýd­ýar. Pro­fes­sor Jeý­ms öýü­ňiz­de, iş ýer­le­ri­ňiz­de, te­le­fon­da gep­le­şe­ni­ňiz­de eý­läk-beý­läk ýö­re­me­li­di­gi­ni, bi­na­nyň ýo­kar­ky gat­la­ry­na mü­nü­p-dü­şü­len­de lif­ti däl-de basgançagy ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Öýüň için­de ge­zim edi­len­de ga­pyr­ga­la­ryň he­re­ket ed­ýän­di­gi­, gan aý­la­n­şy­gyň ka­da­laş­ýan­dy­gy­ bel­le­nilýär. Pro­fes­so­r he­re­ket et­mä­ge öw­re­nşen ada­myň bel­li bir wagt otu­ran­dan soň­ra ýe­ne-de he­re­ket ede­si­niň gel­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Luk­man­lar di­wan­da uzak­ly gün otur­mak­dan daş­da dur­ma­gy, di­wan­da otu­ry­lan­da bi­li­ňi­ziň dik sak­lan­ma­gy üçin ki­çi­jik ýas­sy­jak­lar bi­len bi­li­ňe gol­daw ber­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Otur­gyç­da otu­ry­lan­da hem ar­ka­ňy­zy ýap­lap otur­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Mer­dan Öde­gy­ly­jow,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.