“Samsung” kompaniýasy resmi web sahypasynda “Galaxy Tab S8” planşeti barada maglumat ýaýratdy. Berlen maglumata görä, “Samsung Galaxy Tab S8 Enterprise Edition” planşeti 1 TB çenli mikro SD kartlaryny goldaýar we nano-SIM kart üçin goýup bolýar. “Samsung Enterprise Edition” enjamlary adatça hyzmatdaşlara satylýar. Müşderiler köpçüligine hödürlenýän adaty nusgadan tapawudy bolsa dört ýyllyk uzaldylan howpsuzlyk täzeleniş tertibi, şeýle hem ulanyjy maglumatlaryny goldamak we goramak ýaly aýratynlyklary özünde jemleýär. Şeýle bolansoň, mobil enjamyň bahasy hem birneme ýokary bolýar. Ýeri gelende aýtsak, “Samsung” geçen ýylyň awgust aýynda “Galaxy Tab S7” seriýasyny satuwa çykardy. “Samsung Galaxy Tab S8” planşetiniň bolsa has ir satuwa çykaryljakdygy mälim edilýär.