Türk­me­nis­ta­nyň DIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da şa­hyr-fi­lo­sof hem-de gör­nük­li döw­let iş­gä­ri Za­hi­rid­din Mu­ham­mad Ba­bu­ryň dog­lan gü­nü­niň 538 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan on­laýn-du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Onuň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gaz­na­sy­na gir­di.
Du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp­la­ry, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.
Şu wi­deo­du­şu­şyk do­gan­lyk türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de hem-de iki ýur­duň ta­ry­hy-me­de­ni baý­ly­gy­ny bi­le­lik­de öw­ren­mek­de mö­hüm ädim bo­lar. Şa­hyr dur­muş ýo­lun­da öç­me­jek «Ba­byr­na­ma» ese­ri­ni gal­dyr­dy. Ol pro­za­nyň aja­ýyp nus­ga­sy hem-de dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na gi­ren gym­mat­ly ta­ry­hy çeş­me bo­lup dur­ýar.

On­laýn-du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýyl­ýaz­gy­la­ry ba­ra­da ýat­la­nyp ge­çil­di. Gün­do­ga­ryň, şeý­le hem Hin­dis­ta­nyň en­çe­me kün­jek­le­rin­de ga­dym­dan göz­baş al­ýan tür­ki halk­la­ryň we hin­di­le­riň me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­na di­ňe ta­ry­hy nuk­daý­na­zar­dan däl-de, eý­sem, bu iki ga­dy­my halk­la­ryň me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra tä­si­ri­niň üçün­ji müň­ýyl­lyk­da hem üs­tün­lik­li ös­me­gi­niň do­wam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Wi­deo­du­şu­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len bri­fing­de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ak­mal­jon Kuç­ka­row, Öz­be­gis­ta­nyň DIM-niň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti we dip­lo­ma­ti­ýa­sy uni­wer­si­te­ti­niň rek­to­ry Ko­mil­žon Ka­ri­mow çy­kyş et­di­ler. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar şa­hyr Za­hi­rid­din Mu­ham­mad Ba­bur ba­ra­da aýt­mak bi­len, onuň mi­ra­sy­nyň di­ňe tür­ki halk­lar üçin däl-de, eý­sem, tu­tuş adam­zat üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di­ler. Onuň pi­kir­deş­le­ri, be­ýik türk­men şa­hyr­la­ry we döw­let iş­gär­le­ri Baý­ram han we onuň og­ly Ab­dy­ra­hym han Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň we do­gan­ly­gyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ta­rap­lar Aş­ga­bat­da we Daş­kent­de ge­çi­ril­jek no­bat­da­ky du­şu­şyk­lar­da hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň do­wam et­jek­di­gi­ne umyt bil­dir­di­ler.