Ýewropa Komissiýasy Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlaryna hyzmatdaşlyk meýilnamasyny hödürledi. Ony amala aşyrmak üçin 2021-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli döwür üçin 7 milliard ýewro möçberinde maliýe serişdeleri goýberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda bellenilýär.
Bu başlangyjyň Ýewropa Bileleşiginiň «Günorta goňşular» atly maksatnamasyna girizilen we sebitdäki ýurtlarda uzak möhletleýin durmuş-ykdysady dikeldişi höweslendirmek maksady bilen döredilen ýörite ykdysady we maýa goýum meýilnamasyny öz içine alýandygy bellenilýär.
– Ýewropa Bileleşiginiň hoşniýetli goňşuçylyk, ösüş we halkara hyzmatdaşlygy baradaky täze resminamasyna laýyklykda, 2021-2027-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirmek üçin 7 milliard ýewro çenli maliýe serişdeleri bölünip berler, bu bolsa indiki 10 ýylda sebit üçin 30 milliard ýewro çenli hususy we döwlet maýa goýumlaryny toplap biler – diýlip, Ýewropa Komissiýasynda bellediler.
Beýanatda täze meýilnamanyň bäş ugra gönükdiriljekdigi bellenilýär: adam mümkinçiliginiň ösüşi, dolandyryş we kanunyň ähli zatdan ýokarylygy; durnuklylyk, gülläp ösüş we sanly tehnologiýalaryň ösüşi; parahatçylyk we howpsuzlyk; migrasiýa; ýaşyl energiýa geçiş.
Ýewropa Bileleşiginiň «Günorta goňşular» maksatnamasyna Alžir, Müsür, Ysraýyl, Iordaniýa, Liwan, Liwiýa, Marokko, Palestina, Siriýa we Tunis ýaly 10 ýurt girýär.