Hytaýyň Şanhaý şäherinde “GSMA Mobile World Congress” (MWC 2021) atly halkara sergi öz işine başlady. Serginiň çäklerinde ilkinji bolup “Oppo” kompaniýasy mobil enjamlar üçin howa arkaly zarýad berýän tehnologiýany hödürledi. Bu tehnologiýa zarýad beriji stansiýa arkaly işleýär. Stansiýa belli bir aralykdan mobil enjamlara zarýad berýär. Kompaniýanyň inženeri Jin Sýan bu tehnologiýanyň ýüzlerçe synagdan geçirilendigini aýtdy. Bu tehnologiýanyň şu ýylyň noýabr aýynda hödürlenjekdigi mälim edilýär.