Türkmen tomaşaçylaryna belli bolan “Ömürlik seniňki”, “Dewdas”, “Padmawati”, “Bajirao we Mastani” we başga-da birnäçe ýatdan çykmajak filmleriň režissýory Sanjaý Lila Bhansaliniň täze çykjak “Gangubai Kathiawadi” atly filminiň premýerasy şu ýylyň 30-njy iýulynda bolmagyna garaşylýar. Bu barada indiatoday.in habar berýär. Görnükli režissýor Bhansaliniň bu filminde baş keşbi Bolliwudyň öňdebaryjy ýaş zehinli aktrisasy Alia Bhat ýerine ýetirýär. Bhatdan başga-da filmde Wijaý Raaz, Şantanu Maheşwari, Seema Pahwa dagy beýleki keşpleri janlandyrarlar. Ajaý Dewgn, Emraan Haşmi, Huma Kureşi ýaly belli hindi artistleri-de kiçeňräk keşplerde (cameo) çykyş edýärler. Filmde Gangubai Katiawadi atly ýaş gyzyň başdan geçiren pajygaly wakalary barada gürrüň berilýär.
Ajap Rejepowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby