Antarktidada iş alyp barýan hünärmenler garaşylmadyk ýagdaýda buzuň 900 metr aşagynda onlarça jandaryň ýaşaýandygyny anykladylar. Britaniýanyň Antarktidany öwreniş toparynyň (BAS) hünärmenleri buz gatlagynyň aşagynda, Gün şöhlesiniň hiç hili düşmeýän we suwuň bolmadyk ýerinde ekoulgamyň bardygynyň üstüni açdylar. Bu ýerde iş alyp barýan geologlar buzy deşenlerinde gaty daş gatlagynyň bardygyny öwrendiler. Kameralar arkaly geçirilen barlaglarda bu gaty gatlagyň ýüzünde janly organizmleriň bardygy ýüze çykaryldy. Bu barada «Frontiers in Marine Science» žurnalynda çap edilen ylmy makalada habar berilýär. Geolog Jeýms Smit buz gatlagynyň aşagyndan läbik çykmagyna garaşandyklaryny, emma wideoýazgylara tomaşa edilende gaýanyň ýüzünde ýaşaýan jandarlaryň bardygyny görendiklerini haýran galmak bilen aýdýar. Bu barlagyň geçirilen ýeri deňizden 260 km uzakda ýerleşýär. Şol sebäpli ol ýerde hiç hili suw ýok. Indi hünärmenler gün şöhlesiniň we suwuň bolmadyk ýerinde bu jandarlaryň nähili ýaşaýandyklaryny öwrenmäge çalyşýarlar. Britaniýanyň Antarktidany öwreniş topary 1,5 million kilometrlik meýdany ylmy taýdan öwrenmegi maksat edindiler. Emma olar häzire çenli bir tennis meýdançasy ýalyrak ýeri öwrendiler.
Laçyn POTYÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Alp Arslan adyndaky 2-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.