Häzirki wagtda dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreş alnyp barylýar. Howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen dünýäniň ähli ýurtlarynda ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ýola goýulmagy ugrunda uly tagallalar edilýär.
Bu babatda Fransiýa Respublikasy tarapyndan teklip berildi. Ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron BMG-niň düzüminde howanyň howpsuzlygy boýunça ýörite wekiliň wezipesini döretmegi teklip etdi. Fransiýanyň Prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, bu wezipäniň döredilmegi babatda teklip bilen çykyş etdi.
– Howanyň üýtgemegine garşy göreş tagallalaryny utgaşdyrmak üçin BMG-niň Howa howpsuzlygy boýunça ýörite wekiliniň wezipesini döretmegi zerur hasaplaýarys. Howpsuzlyk Geňeşiniň her ýyl howanyň howpsuzlygy babatda edilen işler baradaky hasabaty gözden geçirmeginden hoşal bolardym. Bu ýagdaý edilen işler boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin giň mümkinçilik döredip bolar – diýip, Prezident Makron belledi.
Häzirki wagtda ählumumy derejede howanyň üýtgemegine garşy göreşde Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde gol çekilen Pariž ylalaşygy esasy resminama bolup çykyş edýär. Bu resminamany dünýäniň köp sanly ýurdy tassyklady we goşuldy.
Eziz SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.