Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan «Lucid Motors» kompaniýasy öz paýnamalaryny birža arkaly satuwa çykarar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary «Churchill Capital IV Corp» korporasiýasy bilen bilelikde paýnamalaryny satmak kararyna geldiler. Iki kompaniýanyň gymmaty häzirki wagtda 24 milliard dollar töweregi. Iki kompaniýanyň biržadaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde bazar nyrhynyň 64 milliard dollara ýetmegine garaşylýar. Deňeşdirmek üçin, «General Motors» kompaniýasynyň bazar nyrhy 76 milliard dollar töweregi. Elektrik energiýasyny öndürmek üçin döredilen «Lucid» kompaniýasy önümçilige başlamady. Kompaniýa şu ýylyň ikinji çärýeginde «Lucid Air» atly ilkinji sedan ulagyny Demirgazyk Amerikada satuwa çykarar. Kompaniýanyň Arizonadaky zawodynda 2022-nji ýylda 20 müň ulag öndüriler. Bu ulaglar bir gezekki zarýady bilen 805 kilometr ýol geçer.
Şemşat Goşnyýazowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.