Bereketli hem sahawatly türkmen topragy irki döwürlerden bäri iň owadan, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewleriň mekany hasaplanýar. Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem yzygiderli alnyp barlan maksadaokgunly tohumçylyk-seçgi işiniň netijesinde döredilen ahalteke atlary ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly türkmen topragynda kemal tapdy, kämilleşdi, müňýyllyklaryň dowamynda sungat derejesine ýetirildi. Ahalteke atlary türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň gu­wan­jy hem buý­san­jy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň at-owa­za­sy­ny dün­ýä ýaý­mak­da döw­let de­re­je­sin­de giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len döw­re­bap at­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň açyl­ma­gy at­şy­nas­ly­gyň we at­çy­lyk spor­tu­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­ýär.
Ýur­du­myz­da her ýylyň ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de hal­ky­my­zyň buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şa­ny­na ulud­an toý tu­tul­ýar. «At agy­nan ýer­de toý bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hem bu baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ulu­dan tu­tu­lar. Soň­ky ýyl­lar­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ýur­du­my­zyň dür­li we­la­ýat­la­ryn­da bel­le­ni­lip baş­lan­dy. Ge­çen ýyl Le­bap top­ra­gyn­da bel­le­nen bol­sa, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu baý­ram­çy­lyk Ma­ry we­la­ýa­tyn­da gu­ra­lar. Şu mynasybetli Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem-de paý­tag­ty­myz­da köp san­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri göz öňün­de tu­tul­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň at­çy­lyk sport top­lu­myn­da geçiriljek ýet­gin­jek ça­pyk­su­war­la­ryň ara­syn­da at ça­py­şy­gy, dür­li ara­lyk­la­rda geçiriljek at ça­py­şyk­la­ry­nyň 6-sy hem-de ha­ly­pa ça­pyk­su­war­la­ryň ara­syn­da geçiriljek at ça­py­şy­gy bar. Mund­an baş­ga-da, Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­myn­da kon­kur, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de bol­sa at­la­ryň ara­syn­da uzak ara­ly­ga ça­py­şyk bo­ýun­ça gy­zyk­ly bäs­le­şik­ler me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şeý­le hem her ýyl­ky da­ba­ra­la­ryň naý­ba­şy­sy ha­sap­lan­ýan «Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi» hem-de su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, be­zeg­çi­le­riň, te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da şe­kil­len­di­riş, ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da, ne­şir­ýat önüm­le­rin­de, fo­to­su­rat­lar­da we te­le­ýaý­lym­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň çe­per keş­bi­ni be­ýan et­mek bo­ýun­ça geçiriljek dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri hem bu baý­ram­çy­ly­gyň şow­hu­ny­ny has-da be­len­de gal­dyr­ar.
Hor­mat­ly Prezidentimiziň ýi­ti ze­hi­nin­den, çuň­ňur paý­ha­syn­dan sy­zy­lyp çy­kan be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ha­kyn­da­ky gym­mat­ly eser­le­ri tu­tuş hal­ky­myz bi­len bir­lik­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem ün­sü­ni çek­ýär.
Döwlet Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, biz türk­men top­ra­gyn­da ýe­tiş­di­ril­ýän at­la­ry idet­me­giň düz­gün-ter­tibi­ni, usul­la­ry­ny düýp­li öw­ren­me­li­di­ris. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, pe­der­le­ri­mi­ziň mi­ras go­ýan se­ýis­çi­lik-at­şy­nas­çy­lyk ýol­la­ry içgin öw­re­nil­ýär. Çün­ki şu top­rak­da at­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň we se­ýis­le­me­giň düz­gün­le­ri beý­le­ki ýurt­la­ra-da ýaý­rap­dyr. Şeý­le­lik­de, ga­dy­my türk­men se­ýis­çi­lik sun­ga­ty­nyň, hü­nä­ri­niň we mek­de­bi­niň jüm­mü­şi­ne iç­gin ara­laş­mak bi­len, ahal­te­ke at­la­ry­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek müm­kin­çi­li­gi dö­räp­dir.
Şu nuk­daý­na­zar­dan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ril­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de 600 baş be­dew üçin ni­ýet­le­ni­len tä­ze at­ha­na­nyň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Umu­my meý­da­ny 15,4 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan bu top­lum­da to­hum be­dew­le­ri idet­mek hem-de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my esas­da öw­ren­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­ler.
Mund­an baş­ga-da, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de er­ka­na ge­zip ýö­ren meý­dan at­la­ry­ny öw­ren­mek ba­bat­da hem de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Go­laý­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de säh­ra gi­ňiş­lik­le­rin­dä­ki meý­dan at­la­ry­nyň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek üçin «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­rin­den hem-de Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ryn­dan we ta­lyp­la­ryn­dan hem-de beý­le­ki de­giş­li dü­züm­le­riň we­kil­le­rin­den dü­zü­len yl­my to­par bu we­la­ýat­da iş sa­pa­ryn­da bol­du­lar.
Meý­dan at­la­ry­ umu­my göw­re gur­lu­şy ki­çeň­räk, berk be­den­li, kel­le­si uly, maň­la­ýy tüň­ňü­räk, guý­ru­gy ös­gün bo­lup, boý­ny or­ta uzyn­lyk­da, bi­li berk, sag­ry­sy to­ga­lag­rak gör­nüş­li at­lar­dyr. Meý­dan at­la­ry­nyň aýak­la­ry ýog­nas­rak we ga­ra reňk­li berk toý­nak­la­ry bar. Umu­man, meý­dan at­la­ry­nyň hem öw­re­nil­me­gi sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň baý haý­wa­nat dün­ýä­si ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lary bilmäge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy­nyň hem-de mi­ra­sy­nyň giň­den öw­re­nil­me­gi we wa­gyz edil­me­gi, ýur­du­my­zyň buý­san­jy hem-de gym­mat­ly baý­ly­gy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi ug­run­da taýsyz ta­gallalar ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bolsun, alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Jen­net BA­BA­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.