26-njy fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de şanly sene mynasybetli Dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Meýilnamanyň çäklerinde ýörite wideoşekilleri, dokumental we çeper filmleri döretmek hem-de teleradioýaýlymlarda gepleşikler tapgyryny guramak göz öňünde tutulýar. Şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, “Ak şäherim – Aşgabat” atly ХХ köpugurly halkara sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygy nazara alnyp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, paýtagtymyzy ösdürmäge köp ýyllaryň dowamynda halal zähmeti bilen uly goşant goşan işgärlere, hünärmenlere döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň merjen şäheri diýen derejä mynasyp bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, ösüşleriň, guralýan baýramçylyk dabaralarynyň Diýarymyzyň tutuş halky üçin buýsançly wakadygyny aýdyp, ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagynyň bu senäniň ähmiýetini artdyrjakdygyny belledi.
Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde ak mermerli şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-siniň işe giriziljekdigini belledi. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmeginiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterjekdigi bellärliklidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunda geçirilýän bäsleşikleriň görnüşlerini artdyrmak, olaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de mazmunyny baýlaşdyrmak meselelerine möhüm üns berilmelidir.
Milli Liderimiz sazlaşykly ösüşi we binagärlik gurluşy babatda halkara derejesinde ykrar edilen Aşgabadyň durmuşynda we taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň çärelerini geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň okgunly ösýändigini hem-de çäkleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler.
Milli Liderimiz täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň taryhyndaky bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.