Hollywood-yň ukrainaly aktrisasy Mila Kunis Netflix-iň täze filmleriniň birinde surata düşer. “Luckiest Girl Alive” atly bu film amerikaly ýazyjy zenan Jessika Knolluň adybir romany esasynda ekranlaşdyrylar. Roman 2015-nji ýylda çapdan çykyp, ýylyň iň köp okalan eserleriniň biri bolupdy. “Gara guw” (Black Swan), “Ýaramaz ejeler” (Bad Moms), “Beýik we gaýduwsyz Oz” (Oz the Great and Powerful), Sara Marşally unutmak” (Forgetting Sarah Marshall) ýaly kinolarda surata düşen Kunis filmde baş keşbi – Ani FaNelli atly žurnallaryň birinde redaktoryň wezipesinde işleýän zenanyň keşbini janlandyrar. Ol okuwçy wagtlarynda başyndan geçiren pajygaly wakasynyň täsirinde galyp, şol köne hadysalary äşgär etmeli bolýar…

Filmiň ssenarisini romanyň awtorynyň özi ýazar. Ekran eserine “Fargo”, “Broadchurch”, “The Handmaid’s Tale” ýaly seriallaryň käbir bölümlerini surata düşüren Maýk Barker režissýorlyk eder. Filmiň geljek ýylda ekranlara çykmagyna garaşylýar.