Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän hormatly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş nes­liň döw­re­bap de­re­je­de ter­bi­ýe­len­me­gi hem-de ke­ma­la gel­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­lar ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, göz­le­ri­mi­ziň gu­wan­jy, gö­wün­le­ri­mi­ziň buý­san­jy bo­lan bag­ty­ýar ça­ga­lar ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny, mer­te­be­si­ni, şan-şöh­ra­ty­ny has-da beý­gelt­jek ne­sil­le­ri­miz­dir. Şo­nuň üçin ola­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, ylym­ly-bi­lim­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da he­mi­şe ala­da edil­ýär. Ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň her bi­ri ala­da bi­len gur­şa­lan­dyr. Di­ýa­ry­myz­da ça­ga­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan do­ly de­re­je­de ös­me­gi ug­run­da äh­li şert­le­ri üp­jün et­mek, ola­ryň ba­şar­nyk­la­ry­ny we ze­hin­le­ri­ni aç­mak üçin sag­dyn dur­muş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­len döw­let we­zi­pe­si­dir. Ýur­du­myz­da­ky hä­zir­ki äh­li okuw mak­sat­na­ma­la­ry, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bi­lim öz­gert­me­le­ri bi­li­me, sag­ly­gy go­raý­şa, spor­ta we beý­le­ki­le­riň ös­dü­ril­me­gi­ne be­ril­ýän ägirt uly döw­let ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň hut şu iş­le­re gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ine, şu nuk­daý­na­zar­dan ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap ýe­tiş­me­gi üçin ýur­du­myz­da «Al­tyn ne­sil» at­ly ça­ga­lar gu­ra­ma­sy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 7-14 ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ry­ny özün­de bir­leş­dir­jek bu gu­ra­ma döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ola­ryň ze­hin­le­ri­ni açyp gör­kez­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün et­mek hem-de hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýär.
Bag­ty­ýar ça­ga­lar bi­ziň er­tir­ki gü­nü­mi­ze yna­my­myz­dyr, kuw­wa­ty­myz­dyr, şöh­ra­ty­myz­dyr di­ýip, bel­le­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hem ça­ga­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy hem-de ola­ry yzy­gi­der­li spor­ta çek­mek esa­syn­da berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr. Mu­nuň üçin ýur­du­myz­da aja­ýyp şert­ler dö­re­dil­di. Bi­lim ul­ga­my ba­ra­da aý­dy­lan­da mil­li Li­de­ri­miz bu ug­ruň he­mi­şe yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da eden çy­ky­şyn­da bi­lim ul­ga­myn­da­ky ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­di­lip du­rul­ma­gy­nyň ta­la­ba­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Ça­ga­lar­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne we spor­ta bo­lan söý­gi­ni dö­ret­mek­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. 3-nji iýun­da ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne çe­kil­me­gi­ne my­na­syp go­şant­dyr.
Türk­me­nis­tan bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň hem-de iň ar­zy­ly is­leg­le­riň ha­syl bol­ýan ýur­du­dyr. Mu­nuň göz­ba­şyn­da Gahryman Arkadagymyzyň bag­ty­ýar ça­ga­ly­gy üp­jün et­mek­dä­ki taý­syz ta­gal­la­la­ry bar. Hormatly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sy tag­ly­ma­ty bi­len ter­bi­ýe­len­ýän bag­ty­ýar kör­pe­ler gel­jek­de ýur­du­my­zy do­lan­dyr­jak ne­sil­ler­dir. Şo­nuň üçin ola­ryň berk be­den­li, sag­dyn pi­kir­li, ylym­ly-bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Ta­wus HO­JA­NE­PE­SO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.