Aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy «Volvo» 2030-njy ýyl­dan baş­lap ne­bit ýan­gyç­ly ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni do­lu­ly­gy­na ýa­tyr­mak ka­ra­ry­na gel­di. Şwed kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dür­ýän ulag­la­ry­nyň 50 gö­te­ri­mi 2025-nji ýyl­dan baş­lap elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­lär. Ýa­pon, ne­mes we ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry ada­ty ýan­gyç­ly ulag önüm­çi­li­gi­ni 2035-nji ýyl­da ýa­tyr­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. «Volvo»-nyň ýol­baş­çy­sy Ha­kan Sa­mu­el­son ne­bit ýan­gyç­ly ulag­la­ryň müş­de­ri­si­niň bol­jak­dy­gy­na ynan­ma­ýan­dy­gy­ny, müş­de­ri­le­riň elekt­rou­lag­lar bi­len has köp gy­zyk­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hy­ta­ýyň «Gee­ly Grup» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­lik ed­ýän «Volvo» bren­di elekt­rou­lag mo­del­le­ri­niň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy hem göz öňün­de tu­t­ýar.
Önüm­çi­lik ba­bat­da elekt­rou­lag­la­ra ge­çiş dün­ýä ýurt­la­ryn­da hem art­ýar. Go­laý­da ABŞ-nyň «Ford» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li Ýew­ro­pa üçin ni­ýet­le­nen ulag­la­ry­nyň äh­li­si­niň elek­trik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. «Ja­gu­ar Land Rover» 2025-nji ýy­la çen­li äh­li «Ja­gu­ar» ky­sym­ly ulag­la­ry­nyň, 2030-njy ýy­la çen­li bol­sa beý­le­ki mo­del­le­ri­niň elekt­rik ener­gi­ýa­ly bol­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­li­gin­dä­ki «Bent­ley» bren­di hem şeý­le mak­sa­da 2030-njy ýyl­da ýet­me­gi göz öňün­de tut­ýar.

Sö­ýün­my­rat RE­JEP­GEL­DI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.