UEFA Çempionlar ligasynda çempionlygyň dalaşgäri “Mançester Siti” Wengriýada oýnan duşuşygynda “Borussiýa M” toparyny 2-0 hasabynda ýeňdi. Birinji duşuşyk hem Puşkaş Arena stadionynda oýnalypdy we iňlis kluby 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ýeri gelende aýtsak, “Liwerpul” hem şu stadionda oýnan iki duşuşygynda-da başga bir nemes kluby “Leipsigi” 2-0 hasaplar bilen ýeňipdi. “Mançester Siti” toparyna ýeňiş getiren gollary 12-nji minutda Kewin De Bruýne bilen 18-nji minutda Ilkaý Gündogan derwezä girizdi. Iki oýnuň netijesi boýunça 4-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” bassyr 4-nji, umumylykda-da 5-nji gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy.
“SITIDEN” ÖŇDE “ARSENAL” BAR
UÇL-da 7 oýundan bäri gol geçirtmän gelýän “Mançester Siti” bu ugurda “Milan” bilen deňleşip, 10 duşuşykda gol geçirtmedik “Arsenaldan” soň 2-nji ýerde barýar. Toparyň tälimçisi Pep Guardiola UÇL-de 82-nji ýeňşini gazanyp, Žoze Mouriniodan öňe geçdi. 4-nji basgançakda barýan Guardioladan öňde Arsen Wenger (86), Karlo Ançelotti (89) hem-de Aleks Ferguson (102) bar.
Duşuşykda De Bruýneniň geçiren pökgüsi “Mançester Sitiniň” şu möwsümdäki ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 100-nji goly boldy. Guardiolanyň tälimçiligindäki 5, umumylykda-da 8 möwsümden bäri 100-den köp gol geçiren “Mançester Siti” topary bu görkeziji boýunça “Mançester Ýunaýtede” (2004/05-2012/13, 9 möwsüm) golaýlady.