Türkmen ilimiz ýene-de bir ählihalk dabarasyny – Milli bahar baýramyny garşylaýar. Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu ajaýyp baýramçylyk täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň, şöhratly pederlerimiziň däplerine, döredijiligiň we ýagşylygyň belent ideýalaryna, ynsanyň we daşky gurşawyň gatnaşyklarynyň sazlaşygyna, iň gowy duýgulara we umytlara mizemez ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi.
Nowruz «Täze gün», «Täze ýyl» diýen manyny aňladyp, gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Bu baýramçylyk asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten şatlyk-şagalaňly baýramçylykdyr. Biziň ýurdumyzda Nowruz baýramçylygy her ýylyň mart aýynyň 21-22-sine Milli bahar baýramy hökmünde döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup myhmançylyga barýarlar, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar we köpçülikleýin dabaralar guraýarlar. Nowruz baýramy örän irki döwürlerden bäri bellidir. Ýazda gije-gündiziň deňleşýän gününde baharyň gelmeginiň baýram edilmegi ekerançylygyň köp görnüşleri üçin durmuşyň täzeden janlanmagyny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bahary özüniň berekedi bilen geldi. Türkmeniň Hydyr gezen meýdanlary jana girdi, daýhanyň geçen güýzde topraga sepen tohumyndan gögeren maýsalar baharyň ilkinji günlerinde ýagan ýagmyra elinden çekilen ýaly boldy. Tebigatyň geň hem ajaýyp sazlaşygy bar. Jümle-jahany ýokdan bar eden Beýik Biribar türkmen topragyna dagy-düzi, çeşme-çaýy jomartlyk bilen eçilipdir.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, Nowruz baýramynyň 5 müň ýyllyk taryhy bar. 2016-njy ýylda Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek baradaky degişli başlangyç döwletleriň bir toparyndan – Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan gelip gowuşdy. Bu ýurtlarda bu gadymy baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri bellenýär.
2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa kabul edildi. Her ýyl ýurdumyzda Milli bahar baýramy giňden bellenip geçilýär. Bu baýramda milli oýunlar oýnalýar, dürli milli tagamlar taýýarlanyp, myhmanlara hödür edilýär. Milli lybasly gelin-gyzlaryň el hünärleriniň, zergärleriň we el zähmet gurallarynyň sergisi guralýar.
Milli bahar baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!
Aýjemal Durdyýewa,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynyň uly mugallymy.