Her bir zenan ýaz möwsüminde derisiniň we saçynyň sagdyn bolmagyny isleýär. Tebigatyň oýanmagy bilen deriňiz we saçyňyz täzelenmegi talap edýär. Gyşyň aňzak sowugy we ýagynly howa saça oňaýsyz täsir edip bilýär. Zeper ýeten saçlaryň has owadan we doýgun reňkli bolmagy üçin lukmanlaryň berýän maslahatlaryny size ýetirmegi makul bildik.
Kosmetiki serişdeleriňize göz aýlaň! Ilki bilen deriňize we saçlaryňyza ideg etmezden ozal, kosmetiki serişdeleriňizi goýýan çekmäňizi ýa-da tekjäňizi arassalamaly. Könelişen we möhleti geçen kosmetiki serişdeler bar bolsa, olary aýyrmaly. Ýaz paslynyň gelendigini nazarda tutup, derini arassalaýjy önümleri, tonikleri, suwuk saç kremleri ediniň!
Owkalamany ýatdan çykarmaň! Saçyňyzy ýuwanyňyzda barmaklaryňyzyň uçlary bilen düýbüni ýuwaşjadan owkalaň! Ýüzüňizi ýuwanyňyzda hem owkalamagy unutmaň! Bu usullar deriňizdäki we kelläňizdäki gan aýlanyşygyny çaltlandyryp, saçyňyzyň we deriňiziň sagdynlygyny, owadanlygyny üpjün eder. Gözleriň aşagynda gyş ýadawlygyndan döräp biljek goýy gök halkalaryň öňüni almak üçin nemlendiriji melhemler bilen gözüň daş-töweregini aýlaw görnüşinde owkalamaly.
Lukmana ýüz tutuň! Deriňizde ýara, ýüzüň guramagy sebäpli ýüze çykýan käbir tegmiljikler, düwürtikler bar bolsa, owkalamanyň ilki bilen «Peeling» atly usuldan peýdalanmaly. Bu usul arkaly deridäki hatardan çykan öýjükler arassalanýar. Şol sebäpli bu usul ähli zenanlara ýa-da erkeklere maslahat berilmeýär. Munuň üçin hökman degişli lukmana ýüz tutmaly. Owkalamanyň bu görnüşi könelişen derini täzelemek, uzak wagtlap bejerilmedik derini janlandyrmak üçin ulanylýar. Bu usul bilen deriňiz tebigy reňkine eýe bolýar, deri gözenekleriniň açylmagy bilen nemlendiriji kremler deriňize has gowy aralaşýar.
Tebigy kokos ýagy ulanyň! Kokos ýagy deriniň ähli görnüşleri üçin sagdyn nemlendiriji bolup hyzmat edýär. Kokos ýagyny ýapgylardan soň elleriňizi, ýüzüňizi, topuklaryňyzy we tirsekleriňizi nemlendirmek üçin ulanmak maslahat berilýär. Derä ideg etmekde kokos ýagyny ulanmak isleseňiz, aşakda görkezilen usullardan peýdalanyp bilersiňiz:
Suwuk el sabynyna kokos ýagyny goşuň! Suw geçirmeýän dodak boýagyny we makiýažyňyzy arassalamak üçin kokos ýagyny ulanyň.
Ýatmazdan ozal deriňize kokos ýagyny çalsaňyz, deriňize has netijeli bejergi berip biler.
Kokos ýagy guran dodaklaryňyzy nemlendirmäge ýardam berýär. Bu ýag dodaklaryňyzy tekizlemäge hem ýardam berer.
Irden we agşam ýüzüňizi arassalanyňyzdan soň, deriňiziň görnüşine laýyk nemlendiriji melhemleri ulanyň! Sebäbi nemlendirilen deri has sagdyn görner.
Saçyň idegi
Gyş möwsüminden soň goňak, guraklyk sebäpli saçyň döwülmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Saçda çyglylygyň gowy deňagramlylygyny saklamak üçin saç görnüşine laýyk gelýän şampunlary, saç ýapgysyny, ideg melhemlerini ulanmaly. Ýaz möwsüminde saçyňyzyň owadan bolmagy üçin öýde amaly bejergileri ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin, kokos ýagy saça öwüşgin çaýyp, aňsat daralmagyny üpjün edýär.
Bahar aýlarynda Günüň ýetirýän oňaýsyz täsiri astynda döreýän tegmilleriň öňüni almak üçin Gün şöhlesinden goraýjy önümleri ulanyp başlamak hem maslahat berilýär. Şeýle hem aşa yssy howada deriňizi goramak üçin açyk reňkli, giň egin-eşikleri we başgaplary geýmegi unutmaň!